Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw jaýlarynyň talyplarynyň arasynda IV Açyk halkara matematika olimpiadasy (OMOUS- 2024) geçirildi. Bu halkara olimpiada Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinden talyp ýaşlaryň 390-dan gowragy, 100-den gowragy daşary ýurtlardan gatnaşdylar. Bu çekeleşikli dowam eden olimpiada ýekebara we toparlaýyn boldy. IV Açyk halkara matematika olimpiadasy (OMOUS- 2024) netijeleri boýunça Türkmen talyplary birinji orunlary eýelediler. Olardan 22-i altyn, 51-i kümüş, 96-y bolsa bürünç medallara, toparlaýyn bolsa 2-i altyn, 5-i kümüş hem-de 7-i bürünç medallara mynasyp boldular. Olimpiadanyň döwründe talyplar we myhmanlar üçin Aşgabadyň gözel ýerlerine şeýle- hem «Nusaý» ýadygärlikler toplumyna, Derweze, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine, «Berkarar», «Aşgabat», «Gül zemin» söwda we dynç alyş merkezlerine gezelenç etdiler we bu gezelençler olarda ýakymly täsir galdyrdy.
Şatlyk AKMYRADOW
Türkmenistanyň Prezidentiniň
ýanyndaky Döwlet gullugy
akademiýasynyň diňleýjisi