ary baly THE ASHGABAT TIMES

Ary balynyň peýdasy barada bilýäsmi?!

19.07.2025

Näme üçin bal her öýde bolmaly?

Bal witaminleriň we minerallaryň baý çeşmesidir. B witaminine,  С witaminine, kalsiý, demir, magniý, fosfor, kaliý, natriý we sinke baýdyr. Mundan başga-da balda biologiki taýdan işjeň ösümlik birleşmeleri we antioksidantlar bar. Balyň garaňky görnüşleri bu birleşmeleriň köpüsini öz içine alýar. Özboluşly düzümi tebigy gelip çykyşy sebäpli bal adama energiýa berýär, immunitetini güýçlendirýär we bedenden toksinleri çykarmaga kömek edýär.

Hünärmenleriň pikirine görä, ýokary hilli balda ýürek agyry, insult we düwnük keseliniň töwekgelçiligini azaltmaga kömek edýän köp mukdarda antioksidantlar bar. Şeýle hem görüş ukubyny saklamaga kömek edýärler. Az mukdarda bal iýmegiň umumy holesteriniň derejesini peseltmäge, aşgazan yaralarynda agyryny azaltmaga kömek edýändigi kesgitlenildi.

Bal näçe wagtlap saklanyp bilner? Tebigy ýokary hilli bal iki ýyla çenli peýdaly häsiýetlerini ýitirmän saklanyp bilner. Bu ýagdaýda önüm howanyň temperaturasy 20С-den ýokary bolmadyk göni gün şöhlesinden goralýan otagda saklanmalydyr.

Aýna ÇARYÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
awaza milli syyahatcylyk zolagy 3 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

BMG-niň Awaza forumy: parlamentara gatnaşyklary ilerledip

awaz haz THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Halkara hyzmatdaşlykda möhüm meýdança

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop