awaz wpb THE ASHGABAT TIMES

Awazanyň türkmen kenary iri halkara forumynyň bosagasynda

19.07.2025

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 4 — 8-nji awgusty aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda guraljak BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler (LLDCs) boýunça üçünji halkara maslahaty geçiriler. Bu iri halkara çäräni ýokary guramaçylyk ýagdaýynda geçirmek maksady bilen, şu günler Awazanyň kenarynda taýýarlyk işleri dowam edýär.

«Hyzmatdaşlyk gatnaşyklary arkaly ösüşi üpjün etmek» şygary bilen geçiriljek bu foruma Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriniň düzümine girýän 32 ýurduň döwlet we hökümet Baştutanlary, 47 sany kiçi ada döwletleriniň we 49 sany az ösen ýurtlaryň ýokary derejeli wekiliýetleri ýygnanar. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň we onuň orunbasarlarynyň, şeýle hem birnäçe halkara, sebit guramalarynyň, maliýe institutlarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň hem-de işewür toparlaryň gatnaşmagyna garaşylýar.

Halkara forum deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan, az ösen we kiçi ada ýurtlarynyň, sebit hem-de halkara guramalaryň, iri kompaniýalaryň dürli derejeli wekillerini bir ýere jemlär. Onuň gün tertibine laýyklykda, häzirki zaman döwletara we halkara gatnaşyklarynda ileri tutulýan ugurlar — ykdysadyýet, söwda, senagat, ulag, energetika, maýa goýum, howpsuzlyk, ýokary tehnologiýalar, ekologiýa bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. Onuň esasy maksady bolsa deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ykdysady mümkinçiliklerini artdyrmaga, sebitara we halkara söwda gatnaşyklaryny giňeltmäge gönükdirilendir. Bu meseleleriň oňyn çözgüdi gatnaşyklaryň hilini özgertmäge hem-de netijeliligini artdyrmaga ýardam eder.

Tirkeş JUMADURDYÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik­-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
11:47 pm, Dec 5, 2025
temperature icon 10°C
пасмурно
Humidity 62 %
Pressure 1026 mb
Wind 5 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 100%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 8:07 am
Sunset Sunset: 5:47 pm
awaz haz THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Halkara hyzmatdaşlykda möhüm meýdança

hazar denzi foto THE ASHGABAT TIMES
Next Story

BMG-niň howandarlygynda ýokary derejeli maslahaty geçirmäge taýýarlyk görülýär

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop