unnamed THE ASHGABAT TIMES

PEDAGOGIK PSIHOLOGIÝADA ŞAHSYÝETIŇ ÖSÜŞI WE KEMALA GELŞI

10.03.2024

Adamyň tebigatyna düşünmeklik adamzadyň bütin taryhynyň dowamynda gyzyklanan meselesidir. Adamyň psihologiki gurluşy şahsyýet dogrusyndaky derňewleriň köplügine garamazdan, adamyň özüni näme üçin şeýle alyp barmaýanlygy heniz doly tapylan däldir.Antropologiýa, fiziologiýa, pedagogika we ş.m. ylymlar bilen bir hatarda şahsyýetiňpsihologiyasynyňhem öwrenişobýekti adamdyr. Adamyň indiwid we şahsyýet düzüjileriniňarasynda şahsyýetiňpsihologiýasynyń dersi adamyňruhy şahsyýet tarapyndadyr. Adamyňindiwid hökmündäki öwrenilişi bolsa biologiýanyň, fiziologiýanyňdersi bolup durýar. Şahsyýetiň psihologiýasy has gysgaldylyp aýdylanda, adamyň özüni näme üçin başga hili däl-de, hut şeýle alyp barýandygyny anyklamakdan ybaratdyr. Bu mesele biziň döwrümizde has derwaýyşdyr. Adamzat jemgyýetinde ýüze çykýan ekologik weýrançylyk, neşekeşlik, terrorçylyk we ş.m. ýaly nogsanlyklar adamyňhut özüniňgünäsi boýunça ýüze çykýandygy sebäpli, şahsyýetiňpsihologiýasyny öwrenmegiňähmiýeti örän uludyr.

Önaýdylyşy ýaly, şahsyýet günbatar dillerinde ―persona‖ atlandyrylyp ol ilki-ilkiler gadymy grek teatrynda aktýoryňýüzüne tutýan nikabyny -maskasyny aňladyp, soňra aktýoryňoýnaýan roluny aňladyp, ahyrsoňunda bolsa aktýoryňhut özüni aňladypdyr. Görnüşi ýaly, şahsyýete ilkinji düşünilişonuňesasan daşky tarapyny häsiýetlendirmek bilen baglanyşykly bolupdyr. (Ýeri gelende bellesek, adaty adamyň beýlekileriň şahsyýetini öwrenişi hem köp derejede şu görnüşde bolýar). Has soňky döwürlerde bolsa, persona aktýoryň hut özüni aňlatmakda ulanylypdyr. Şahsyýet ylmy psihologik jähtden eksperimental-tejribe esasda öwrenilmäge degişlidir. Emma käbir psihologlar bolsa şahsyýeti tejribe tarapdan derňemeklik onuň has içgin, gös-göni kabul edilmeýän mazmunyny ýüze çykaryp bilmeýän diýen pikiri ýöredýärler. Olaryň pikiriçe şahsyýet edil çeper edebiýatdaky ýaly onuň maksat goýulmalaryny, kynçylygy ýeňip geçmeleri, öz özüňi kämilleşdirilmegi görnüşinde öwrenilmelidir.

Şahsyýetiń ylmy öwrenilişiniń başlangyjy XIX asyryń ahyryna, XX asyryń başlaryna gabat gelýär. Şahsyýetiń ylmy öwrenilişinde ýokarda agzalan bahalandyryşly kesgitleme kabul edilen däldir. Ylmy şahsyýetnama -personologiýa şahsyýetiń gowy ýa-da erbetligi bilen gyzyklanman onuń obýektiw gurluşyny açyp görkezmäge ymtylýar. Başgaça aýdanyňda, bu ýerde şahsyýetiň öwrenilişi etiki-filosofiki häsiýetde bolýar. Şahsyýetiń ylmy öwrenilişiniń birnäçe ugurlary bardyr. Meselem: K.Rojersiń taglymatynda şahsyýetiń öz-özüneligi onuń guramaçylykly gaýtalanmaz, durnukly gurluşy bolup durýandygyny nygtaýan bolsa, J. Kelliniń şahsyýet taglymatynda ol öz gaýtalanmaz tejribesini ońlaýan we ońa üznüksiz düzediş girizýän gurluş hökmünde seredyär. A. Banduranyń taglymatynda bolsa, şahsyýet özüniń ońyn we ońyn däl hereketleri hoşamat ýa-da temmi bilen berkidilip durýan we onuń netijesinde belli bir häsiýetler döredýän mazmun görnüşinde seredýär.

Ogulnur HOJAKOWA
S.A. Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
27.01.2023 wrfzntr ma2pq8v dznpmc0 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň matematika dersi boýunça halkara açyk olimpiadasy üstünlikli netijelere beslendi

1678233905 bogatyr club p starinnii kompas foni instagram 32 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Kompas barada

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop