Tomus sagaldyş möwsüminde körpeler bilen guralýan beden taplama çäreleri tassyklanylan gün tertibine hem-de taplama çärelerini geçirmegiň usullary esasynda her gün, günüň birinji ýarymynda geçirilýär. Çagalar bilen açyk howada beden taplama çäreleri gün tertibinde göz öňünde tutulan irki maşklaryň, gezelençleriň we gyzyklanma çäreleriniň çäginde geçirilýän dürli hereketli oýunlaryň üsti bilen amala aşyrylýar. Çagalar bagynyň oýun meýdançalarynda taplama çärelerini geçirmek üçin taýýarlanylan ýörite taplama ýodajyklarynda çagalar bilen açyk howada gezelenç çäreleri alnyp barylýar.
«Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020—2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasynda» çaganyň irki ösüşiniň we mekdebe taýýarlygynyň görkezijileri babatynda göz öňünde tutulan: çaganyň durmuşa taýýarlygyny, beden we ahlak taýýarlygyny, şeýle-de kommunikatiw (çagalaryň ýakynlary we beýleki çagalar bilen bilelikde oýnamak, meşgullanmak) endiklerini tomus sagaldyş möwsüminde körpeler bilen guralýan dürli gyzyklanma we göwnaçma çäreleriniň, aýdym-sazly çykyşlaryň, hereketli we many-mazmunly oýunlaryň, duýgulary ösdürmek üçin öwrediji oýunlaryň, bäsleşikleriň üsti bilen kämilleşdirmek ýola goýulýar.
Şunda çagalaryň ýaş aýratynlyklary göz öňünde tutulyp, «Mekdebe çenli çagalar edaralarynda tomus sagaldyş möwsüminde geçirilýän gyzyklanma çäreleriniň mysaly tertibi» taýýarlanylýar. Şoňa laýyklykda 1-6 ýaşly körpeler bilen hereketli oýunlar, aýdym-sazly göwnaçmalar, duýgulary ösdürmek üçin öwrediji oýunlar, ertekiler dünýäsine gezelenç ýaly gyzyklanma çäreleri hepdäniň dowamynda gezekleşdirilip guralýar. Şonuň ýaly-da, bilim işgärleriniň kömek bermeginde çagalarda tehniki serişdeler bilen işlemek başarnyklary kämilleşdirilýär.
Gyzyklanma çäreleri «Türkmenistanyň döwlet mekdebe çenli çagalar edaralarynyň tomus sagaldyş möwsümi üçin gün tertibinde» meýilnamalaşdyrylan günüň birinji we ikinji ýarymlaryndaky gezelençler bilen utgaşdyrylyp guralýar. Bu çäreleriň many-mazmuny çaganyň irki ýaşdan başlap, hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen bolmaly.
Ogulsona RAHMANOWA,
Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň 5-nji çagalar bakja-bagynyň şepagat uýasy.