awaza appp THE ASHGABAT TIMES

BMG-niň Awaza forumy: halkara ýaşlar hyzmatdaşlygyny ilerledip

21.07.2025

Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyz 13-nji iýulda guramaçylyk döwlet toparynyň BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna taýýarlyk görmäge bagyşlanan maslahatyny geçirdi. Onda Milli Liderimiz 7 sany esasy ugur boýunça geçiriljek maslahata ýokary derejede taýýarlyk görülmelidigini nygtady. Olaryň hatarynda ýaşlar forumynyň hem bolmagy ýurdumyzda ýaşlaryň halkara hyzmatdaşlygynyň barha rowaçlanýandygyny alamatlandyrýar.

Forumyň esasy maksady deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ykdysady mümkinçiliklerini artdyrmaga, sebitara we halkara söwda gatnaşyklaryny giňeltmäge gönükdirilendir. Bu meseleleriň oňyn çözgüdi gatnaşyklaryň hilini özgertmäge hem-de netijeliligini artdyrmaga ýardam eder. Maslahat bilen ugurdaşlykda birnäçe çäreleriň hem geçirilmegi meýilleşdirilýär. Şunda ýaşlar forumy hem möhüm ähmiýete eýedir. Birleşen Milletler Guramasynyň «Ýaşlar — 2030» strategiýasynyň maksatlaryna we wezipelerine doly laýyk gelmek bilen, meýilleşdirilýän ähli çäreler dürli medeniýetlere, sebitlere, garaýyşlara wekilçilik edýän ýaşlaryň arasynda netijeli dialogy ösdürmäge, durnukly ösüşiň umumy wezipelerini çözmek işine gatnaşmak mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilendir.

Döwletimiziň ýaşlar baradaky alyp barýan syýasaty möhüm wezipeleri çözmäge gönükdirilip, ýaşlary goldamagyň, olaryň hukuklaryny we bähbitlerini goramagyň kepilidir. Halkara maslahatyň çäklerinde guraljak ýaşlar forumynda hem ýaşlara hemmetaraplaýyn goldaw bermek, şol sanda olaryň hukuk we durmuş goraglylygyny üpjün etmek, ýaş nesliň sazlaşykly ösmegi, bilim almagy we iş bilen üpjün edilmegi üçin oňaýly şertleri döretmek, ýaşlaryň intellektual we döredijilik mümkinçiliklerini artdyrmak bilen baglanyşykly pikir alyşmalar bolar, degişli ylalaşyklar we çözgütler kabul ediler.

Ahmet AKMUHAMMEDOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
awaza forum THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Ählumumy tagallalary birleşdirip

turkmenistanyn-we-horwatiya-respublikasynyn-dim-lerinin-yolbascylarynyn-arasynda-telefon-arkaly-sohbetdeslik-gecirildi
Next Story

Türkmenistanyň we Horwatiýa Respublikasynyň DIM-leriniň ýolbaşçylarynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop