Bu günki günde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzyň dünýäniň möhüm meseleleriniň çözülýän mekanyna öwrülmeginiň gözbaşynda Gahryman Arkadagymyzyň halkara derejesinde öňe süren başlangyçlary, teklipleri, olaryň goldaw tapmagy netijesinde amala aşyrylan işler dur. Şunda Milli Liderimiziň ulag we üstaşyr geçelgeleriň hemmetaraplaýyn arhitekturasyny döretmek baradaky öňe süren pikirleriniň näderejede wajypdygyny ýyllaryň dowamynda geçilen ýollar öz-özünden äşgär etdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri iri halkara we sebitara deňiz, derýa, ulag, demir, howa ýollary arkaly amala aşyrylýan hyzmatdaşlyklaryň amatly utgaşdyrylmagy, olaryň her bir ýurt üçin elýeterli bolmagynyň tutuş dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň bähbidinedigi barada birnäçe başlangyçlary öňe sürdi. Şeýle başlangyçlaryň häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýändigi diýseň buýsandyryjydyr. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň taryhy ähmiýetli wakalarynyň biri boljak Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlykda geçiriljek Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň üçünji halkara maslahaty hen türkmen bitaraplygynyň işjeň we döredijilikli taglymatdygynyň täze ykrarnamasy bolar. Onuň hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy, BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygy belleniljek ýylda geçirilýändigi bolsa, wakalaryň taryhy ähmiýetini has-da artdyrar.
Berkarar döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyla golaý döwründe ýurduň taryhynda täze sahypalar açylyp, ata-babalarymyzyň asudalyk, parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik we deňhukuklylyk baradaky arzuw-umytlary hasyl bolup gelýär hem-de bu ugurda ýurdumyz batyrgaý başlangyçlar bilen çykyş edip gelýär. Bu oňyn tejribe ýyl geçdikçe artýar we hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri asyrlardan gözbaş alyp, geljege uzaýan, agzybirligimize we jebisligimize daýanyp, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işlerimiz bilen şöhratlanýar.
Her bir döwlet öz geografik ýerleşişiniň mümkinçiliklerini ulanmagyň hasabyna, milli ösüşi üpjün etmek üçin zerur bolan geosyýasy we geoykdysady bähbitleri öňe sürýär. Türkmenistan hem iki yklymyň çatrygynda amatly ýerleşýän döwlet hökmünde, ýurtda ulagyň ähli görnüşlerini ösdürmegiň uly mümkinçiliklerinden peýdalanýar. Umuman aýdylanda, deňizüsti gatnawlary amala aşyrmakda hem-de söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmekde ýurdumyzyň deňiz derwezesiniň mümkinçilikleri örän uludyr. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde ýurdumyzyň degişli ugurlarda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi geljekde ykdysady ösüşleriň täze depginlere eýe boljakdygyny kepillendirýär.
Begenç SALAMATOW,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby.