awaza taze THE ASHGABAT TIMES

BMG-niň Awaza forumy: ýaşlar hyzmatdaşlygyny ilerledip

24.07.2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyzyň her bir güni şöhratly wakalara, toý-baýramlara beslenýär. Şeýle möhüm wakalaryň biri-de şu ýylyň 4 ― 8-nji awgusty aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatydyr. Dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni çeken bu forum Baş Assambleýanyň kabul eden Kararnamasy hem-de döwlet Baştutanymyzyň gol çeken Karary esasynda geçirilýär.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň başlangyjy boýunça şeýle wajyp forumyň ýurdumyzda geçirilmegi eziz Watanymyzyň dünýäde parahatçylygy, halklaryň arasynda ynanyşmagy berkitmek ugrunda öňe sürýän strategiýasyna ýokary baha berilýändigini aýdyň görkezýär. Şeýle hem bu forumyň ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy hem-de BMG-niň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygy bilen utgaşýandygy aýratyn bellärliklidir.

Ýeri gelende, halkara forumyň çäklerinde syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlary öz içine alýan baý mazmunly çäreleriň ençemesiniň meýilleşdirilýändigini bellemelidiris. Forumyň meýilnamasy işewürlik hem-de medeni çäreleri, sergileri we Merkezi Aziýa döwletleriniň milli günlerini, umuman, çäreler toplumy jemi 7 sany esasy ugry öz içine alýar. Olaryň hatarynda ýaşlar forumy hem uly ähmiýete eýedir. Sebäbi biziň ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary, ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirmekleri, dünýägaraýşyny giňeltmekleri, watançy şahsyýet bolup ýetişmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Ýaşlara döwletimiz tarapyndan ähli babatda doly goldaw berilýändigi bolsa täze üstünliklere ruhlandyrýar.

Gyzylgül GYLYÇGELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
migrasiya pasport THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Migrasiýa gullugynda döwrebap hyzmatlar

deniz bas surat THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Deňiz baglanyşygy – ykdysady erkinlik

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop