Türkmenistan Merkezi Aziýada dizel ýangyjynyň arzanlygy boýunça öňdebaryjy bolup galýar

08.05.2024

Bütindünýä benzin bahalary (GPP) portalyna görä, 2024-nji ýylyň 29-njy aprelinde dizel ýangyjynyň arzanlygy boýunça Türkmenistan Merkezi Aziýada öňdebaryjy orny eýeleýär. Bu barada HHM habar berýär.

Habarda görkezilen senä görä Türkmenistanda dizel ýangyjynyň bahasynyň litri üçin 0,28 dollar – 1 türkmen manadydygy aýdylýar.

Şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda arzan dizel ýangyjynyň sanawynda Türkmenistandan soň Gazagystan, Gyrgyzystan we Özbegistan bar.

Reýting maglumatlary dizel ýangyjynyň iň arzan bahasy boýunça Türkmenistanyň dünýäde ýedinji orunda durýandygyny görkezýär diýlip, habarda bellenilýär.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
12:40 pm, Sep 20, 2024
temperature icon 25°C
ясно
Humidity 27 %
Pressure 1016 mb
Wind 7 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 2%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 6:52 am
Sunset Sunset: 7:07 pm
Öňki taryh

«Olýa – Türkmenbaşy» ýük gatnawyny döretmek üçin infrastruktura çeşmeleri zerur»

Next Story

Belgiýanyň «CAMCO Technologies» kompaniýasy türkmen bazaryna girmäge gyzyklanma bildirýär

Soňkylar Habar

GitTop