Belgiýanyň «CAMCO Technologies» kompaniýasy türkmen bazaryna girmäge gyzyklanma bildirýär

08.05.2024

Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Palwanow şenbe güni Belgiýanyň Lýowen şäherinde “CAMCO Technologies” kompaniýasynyň Söwda ösüş müdiri Werner Piters bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda kompaniýanyň wekili türkmen bazaryna girmäge gyzyklanma bildirýändigini mälim etdi.

Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasynyň habar bermegine görä, Werner Piters şeýle hem kompaniýanyň önümlerini türkmen kärhanalaryna we edaralaryna tanyşdyrmak maksady bilen Türkmenistana barmagy meýilleşdirýändigini belledi.

Tanyşdyryş dabarasyndan soň, ilçi kompaniýanyň işinde ulanylýan innowasion tehnologiýalary we enjamlary görmek üçin “CAMCO Technologies” kompaniýasynyň önümçilik kärhanasyna aýlanyp gördi.

1999-njy ýylda döredilen “CAMCO Technologies” kompaniýasy konteýnerleri skaner etmek boýunça tehnologiýalar, ýük ulaglaryny yzarlamak we geçirişiň innowasion çözgütleri boýunça öňdebaryjy üpjün ediji we öndüriji bolup durýar. Kompaniýanyň Ýewropada, ABŞ-da, Hytaýda, Ýakyn Gündogarda we Awstraliýada wekilhanalary bar.

 Çeşme: Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
1:36 pm, Sep 20, 2024
temperature icon 27°C
ясно
Humidity 24 %
Pressure 1015 mb
Wind 7 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 2%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 6:52 am
Sunset Sunset: 7:07 pm
Öňki taryh

Türkmenistan Merkezi Aziýada dizel ýangyjynyň arzanlygy boýunça öňdebaryjy bolup galýar

Next Story

«Altyn bürgüt» halkara syýahatçylyk otlusy Aşgabat şäherine geldi

Soňkylar Habar

GitTop