Türkmenistan döwleti Garaşsyzlygyna eýe bolandan öz ýol-ýörelgesini saýlap alyp, tiz wagtyň içinde dünýä siwilizasiýasyna sazlaşykly goşuldy. Ylmy-tehniki ösüş ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň ösmegine täsir edip, türkmen halkynyň bolelin, erkana ýaşamagyna mümkinçilikleri döretdi. Tebigy baýlyklar we olaryň gorlary rejeli, iňlän oýlanyşykly peýdalanyp başlandy.
Ähli gazma baýlyklar (nebit, tebigy gazwe ş.m.) çykarylanda ekologiki şertlere edilýän täsirler göz öňünde tutulyp, buraw işleri ýerine ýetirilýär. Döwlet ülňeleri täzeden düzülip taýýarlanyldy. XX asyryň başlarynda ylmy-tehniki açyşlar edilende ekologiýa edilýän täsir ýitileşip ugrady. Tebigata (çöle, daga, howa,suwa) zyňylýan zyňyndylaryň köpüsi tebigatdaky maddalaryň aýlanyşyna düşüp, dünýäniň köp ýerlerine ýaýrap başlady.
Haýwanlaryň ekologiýasy bilen meşgullanýan alymlaryň ýazmaklaryna görä Ýewraziýa we Amerika materiklerinde ulanylýan dürli himiki serişdeler-pestisitler, gerbisidler Antarktidada ýaşaýan pingwinleriň ganynda hem tapylyp, olaryň ekologiýasyna güýçli täsir edýänligi anyklandy. XX asyrda ekologiýanyň gazanan üstünlikleriniň biri-de adamzat jemgyýeti bilen tebigatyň örän jebis sazlaşygynyň subut edilmegidir. Adam tebigatdan üstün çykmakdan, tebigy şertleri üýtgetmek, tebigy baýlyklary bisarpa ulanmakdan el çekip, tebigatda bolup geçýän hadysalaryň kadalaşmagyna ýardam etmelidir.
Laçyn ATAMYRADOWA
S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen Oba Hojalyk
Uniwersitetiniň talyby