4d852d009a9a11976ce8e826af403f0d 9017196 382x254 2 THE ASHGABAT TIMES

Paýtagtymyzda täze awtobuslar işe başlady

17.09.2025

Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda paýtagtymyz Aşgabatda täze ýolagçy awtobuslary gatnawyna başlady. Bu täze ulaglar şäher ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna amatly, döwrebap we howpsuz ýol şertlerini hödürleýär.

Täze awtobuslar Hytaýyň Yutong kompaniýasy tarapyndan öndürildi. 12 metr uzynlykdaky ulaglar üç gapy bilen enjamlaşdyrylyp, ýolagçylaryň amatly girip-çykmagyny üpjün edýär. Içiniň giňligi, ýumşak oturgyçlar, USB zarýad portlary we sowadyjy ulgamy bilen awtobuslar häzirki zaman talaplaryna doly laýyk gelýär.

Ulaglaryň hereketlendirijileri halkara Euro-5 ekologik standartlaryna laýyk gelýär. Mundan başga-da, awtobuslaryň hereketi we sürüjiniň işi häzirki zaman wideo gözegçilik ulgamy bilen yzygiderli gözegçilikde saklanýar. Tölegler sanly ulgam arkaly amala aşyrylýar, bu bolsa ýolagçylar üçin tiz we amatly hyzmaty üpjün edýär.

Täze awtobuslarda syýahat eden ilkinji ýolagçylar ulaglaryň rahatlygyny we sesizligini aýratyn bellediler. Paýtagtyň jemgyýetçilik ulag parkynyň täze awtobuslar bilen baýlaşdyrylmagy şäher infrastrukturasynyň kämilleşdirilmeginde möhüm ädim hökmünde garalýar.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
7:37 pm, Dec 5, 2025
temperature icon 10°C
пасмурно
Humidity 62 %
Pressure 1027 mb
Wind 5 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 100%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 8:07 am
Sunset Sunset: 5:47 pm
347574389107014 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

“Apple” kompaniýasy täze iPhone 17 modellerini hödürledi

160222 021 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Medeni-mirasymyz-halkyň ruhy baýlygydyr

Soňkylar Täzelikler

GitTop