img 20250924 200225 scaled THE ASHGABAT TIMES

Weterinariýa gullugy üçin häzirki zaman okuw enjamlary BOMKA-10 Maksatnamasynyň çäginde gowşuryldy.

25.09.2025

2025-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda BOMKA-10 Maksatnamasynyň çäginde, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň ýanyndaky Döwlet weterinariýa gullugyna okuw otagy üçin häzirki zaman enjamlary gowşuryldy. Bu möhüm ädim, weterinariýa gullugynyň hünärmenleriniň hünär taýýarlygynyň ösdürilmegine uly goşant goşar we hünär derejesiniň ýokarlandyrmaga ýardam berer.

img 20250924 200309 THE ASHGABAT TIMES

Okuw klasy üçin häzirki zaman enjamlary gowşuryldy enjamlary gowşurlyşy dabarasynda Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistanyňdaky delegasiýasynyň maksatnamalar menejeri Borislaw Dimitrow gatnaşdy. Ol, bu taslamanyň Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşigi arasyndaky hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi babatynda uly ähmiýetini belläp, öňdebaryjy weterinariýa gulluklaryny ösdürmekde öňe doğru uly ädimiň atylandygyny nygtady. BOMKA maksatnamasynyň koordinatory, şeýle hem häzirki zaman enjamlarynyň berilmeginiň weterinariýa gullugyna tehniki goldaw bermek boýunça maksatnamasynyň diňe bir bölegi bolandygyny aýtdy.

Döwlet weterinariýa gullugy tarapyndan Halkara we ylmy aragatnaşyklar bölüminiň başlygy Arslan Soltanmyradow BOMKA-nyň wekillerine we Ýewropa Bileleşiginiň wekilline bu tehniki goldawy üçin minnetdarlyk sözlerini bildirdi.  Bu günki kabul edilen häzirki zaman enjamlar diňe bir weterinariýa gullugynyň tehniki kuwwatyny ýokarlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem bilim beriş we weterinarlaryň hünär ösüşi üçin täze mümkinçilikleri açýar. Weterinariýa gullugymyzy kämilleşdirmäge we hünärmenleriň bilim derejesiniň kuwwatyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen bir ädimdir. Biz goldaw üçin BOMKA-10 Maksatnamasyna uly minnetdarlyk bildirýäris we bu häzirki zaman  weterinar hünärleriň bilimiň derejesini ýokarlandyrmaga möhüm goşant goşjakdygyna ynanýarys” – diýip Arslan Soltanmyradow belledi.

Okuw otagy üçin berilen häzirki zaman enjamlary, weterinariýa hünärmenleriniň bilim derejesini ýokarlandyrmak üçin amatly şertler döreder, bu täze tehnologiýalar bilen amala aşyryljak amaly okuwlary geçirmek giň mümkinçilikler dörediler.

BOMKA-10 Maksatnamasy Türkmenistanda dürli ykdysady pudaklaryny kämilleşdirmekde uly kömek berýär. Weterinariýa gullugy üçin enjamlaryň gowşurylanmagy halkara hyzmatdaşlygynyň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň möhüm ädimiň nusgasydyr.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
107024659 16463317772022 03 03t165129z 786251591 rc23vs9dptgr rtrmadp 0 usa fed senate powell THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Powell: ABŞ Federal ätiýaçlyk banky inflýasiýa töwekgelçiligini äsgermezlik edip bilmez

324243435 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Mary welaýatynda Gran-Pri küşt ýaryşy geçiriler

Soňkylar Новости

GitTop