Kofe dünýäniň dürli künjeklerinde ýaşaýan ynsanlaryň ýüreklerine ýakyn, gündelik durmuşynda aýrylmaz orun alan içgileriň biri hökmünde tanalýar. Adamlaryň döredijilik oý-pikirleriniň ganat açmagyna sebäp bolmak bilen ol ylhamyň ruhy ýolbeledine öwrülýär. Özboluşly ysy, datly tagamy bilen adamzadyň ýüregini eýelän kofenyň taryhy müňýyllyklaryň jümmüşine uzap gidýär.
“Kofe” sözi arapça “kahwah” sözünden gelip çykýar. Rowaýatlara göra, kofe ilkinji gezek IX asyrda Efiopiýanyň dag eteklerinde ýaşan Kaldi atly çopan tarapyndan tapylýar. Ol öz goýunlarynyň gyzyl miweli agaçlaryň dänelerini iýenden soň ukylarynyň gelmeýändigine üns berýär. Ol däneleri dadyp göreninden soň bu miwäniň özüne hem täsir edýändigine göz ýetirýär. Çopan bu miwelerden sebedini dolduryp obasyna dolanýar. Şeýlelikde, kofe köpçülik tarapyndan çeýnemek arkaly sarp edilip başlanýar. Ilkibaşda kofeniň dänesi çeýnelip, ajymtyk tagamy dadylan bolsa, soň-soňlar wagtyň geçmegi bilen guradylan kofe däneleri owradylyp, gyzgyn suwa garylan görnüşde içilip başlanýar.
Ynsan kalbyna mähirli ýylylyk, ýüregine bolsa ruhy güýç paýlaýan ýakymly ys bilen ýaýraýan kofe stol başyndaky söhbetdeşlikleriň, döredijilik ýygnaklarynyň, dost-doganlaryň arasyndaky hoşniýetli gürrüňleriň şaýady bolýar. Hoşboý ysly kofe içýän pursadymyz gündelik durmuşymyzda iş-aladalarymyza “dynç berip”, içki dünýämiziň sazlaşygyny dikeldýän pursatymyza öwrülýär. Kofäniň bir käsesinde dünýäniň müň öwüşgini jemlenip, her damjasynda ynsanyň döredijiligi gizlenip ýatan ýaly duýulýar.
Ajap REJEPOWA
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş
uniwersitetiniň mugallymy