hatyra halk hakyda THE ASHGABAT TIMES

Halk hakydasyna hormat

04.10.2025

Ýurdumyzda her ýylyň 6-njy oktýabrynda durmuşyň abadanlygy, halkyň erkinligi ugrunda ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlar, şeýle-de 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalary ýatlanylyp, Hatyra güni bellenilýär. Munuň özi il-ýurt diýip göreşen merdanalary hatyralamagyň, ýüreklerde we hakydalarda saklamagyň, olaryň geçen ýoluny nesiller üçin terbiýe mekdebine öwürmegiň müňýyllyklardan gözbaşly ýörelgesidir.

Mälim bolşy ýaly, Hatyra gününde ýurdumyzyň ähli ýerlerinde Döwlet baýdaklary aşak düşürilýär, öý-ojaklarda sadakalar berilýär, aýat-töwirler okalýar. Paýtagtymyzdaky «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna gül goýmak çäresi geçirilýär. Toplumdaky 1948-nji ýylyň ýertitremesinde gurban bolanlaryň ýagty ýadygärligini hatyralamak üçin «Ruhy tagzym» ýadygärligi, faşizme garşy söweşlerde wepat bolan türkmenistanly esgerleriň hem-de mähriban Watanymyzyň erkinligi, onuň bagtyýar geljegi ugrundaky söweşlerde baş goýan gahrymanlaryň hatyrasyna bina edilen «Milletiň ogullary» we «Baky şöhrat» ýadygärlikleri halkymyzyň gahrymançylykly taryhyny şöhlelendirýär. Bu ýerde türkmen topragynyň merdana ogullary baradaky synmaz hakydanyň nyşany hökmünde «baky ot» ýanyp dur. Bu ýadygärlikler toplumy gahryman türkmenistanlylaryň baky şöhratyna, edermenligine bu günki nesilleriň mukaddeslik hökmünde garaýandygynyň, tagzym edýändiginiň alamatydyr.

Halkyň hakydasynda köpasyrlyk tejribe, ýol-ýörelge jemlenendir. Halk hakydasy taryhyň gatlaryna siňen beýik ýeňişleriň, uly ösüşleriň, merdana pederlerimiziň gahrymançylygynyň hem şöhlelenmesidir. Şunda 1941 — 1945-nji ýyllaryň urşunyň gazaply söweşlerinde edermenlik görkezip, pajygaly gijede ömür tanapyny kesen türkmeniň merdana ogly, edermen esger, ajaýyp mugallym, ilhalar ynsan — Gahryman Arkadagymyzyň atasy we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň garry atasy Berdimuhamet Annaýewi aýratyn hormat bilen ýatlamak gerek. Onuň durmuş ýoly türkmen ýaşlary üçin hakyky watansöýüjiligiň hem-de borja wepalylygyň nusgasydyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz ýiti parasatlylyk bilen şeýle diýýär: «Merhumlary hatyralamak ata-babalarymyzyň belent ynsanperwerlik däbidir, ol asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýar. Hakyda geçmişi we häzirki döwri baglanyşdyryp, türkmenistanlylaryň täze nesline ýagty geljege tarap öňe gitmäge ýardam berýär». Şoňa görä-de, watansöýüjilik, gahrymanlara goýulýan sarpa bu günki gün türkmen halkynyň ruhy ýörelgeleriniň biri bolup durýar. Agzybirlikde edilýän doga-dilegler bolsa aýratyn sogap we ruhy taýdan jebisligiň nyşany hasaplanýar.

Hatyra gününde öten-geçenleriň ruhuna bagyşlap berilýän sadakalar, okalýan aýat-töwirler, ýagşy doga-dilegler kabul bolsun! Goý, türkmen topragynda hemişe abadan durmuş höküm sürsün! Ýurdumyz gülläp össün! Dünýä parahat bolsun!

Bahtyýar KANDYMOW,
Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň 39-njy orta mekdebiniň müdiri.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
energetika elektrik THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Energetika pudagy – ykdysadyýetiň möhüm pudagy

bulutlar THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Asmanyň görki – bulutlar

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop