mak 4130 THE ASHGABAT TIMES

Bereketli – Altyn güýz

21.10.2025

Ýylyň-ýylyna tirkeşip gelýän dört paslyň her haýsynyň özüne mahsus gözelligi bar. Her bir gülüň ysynyň aýry bolşy ýaly, her paslyň hem özüniň aýratyn gözelligi, sahawatly sazlaşygy bar. Pasyllaryň arasynda güýz pasly özüniň bereketliligi bilen has-da tapawutlanýar. Sebäbi ýapraklar saralyp tebigat çar tarapa tylla şuglasyny saçyp, ýetişen miweler ýygnalyp, altyn baş bugdaýlaryň başy eglip, ak pagtaly meýdanlar özleriniň gujagyny giňden açyp, sungat adamlarynyň ýürekleriniň ylhamyny joşdurýan paslydyr.
Dana ata-babalarymyz bolsa, güýz paslynyň aýratynlygyny sanaýan nakyllary çintgäp-çintgäp aýdypdyrlar. “Jüýjäni güýz sanaşarys”, “Ýeri güýz sür, güýz sürmeseň, ýüz sür”…
Güýz biziň gözümize işeňňirligiň pasyly bolup görünýär. Sebäbi bu pasylda geljekki gyşa, ýylyň sowuk döwrüne taýýarlyk görülýär. Şeýle-de bu pasyl hasyly zaýasyz ýygnamagyň iň amatly döwri bolup durýar. Muny Kerim Gurbannepesowyň setirlerinde hem görmek bolýar:

  • Miwe ýetişdimi ýygna güýz wagty.

Aýratyn hem bu pasly ýatlanyňda Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gurbannazar Ezizowyň goşgulary biygtyýar ýadyňa düşýär. Şahyr “Güýz” atly goşgusynda şeýle belleýär:

Ýene güýz. Güýz bolsa saralýar ýaprak.
Ýaprak saralanda durlanýar pikir.
Ýatlaýan geçeni öňküden köpräk,
Hem diýýän: “Oňatlyk, Hudaýa şükür!”

Açyk asmanda hatar bolup uçýan durnalar şahyrana adam ömrüniň dowamlylygyny ýatlatsa, ýagýan yzygiderli ýagyşlar çuňňur oýlara batmagyňa sebäp bolýar. Belki şonuň üçindir, halkymyzda adam ömrüniň orta ýaşdan geçen döwri güýz bilen deňeşdirilýär. Adam orta ýaşdan geçeninden soň, ömründe eden işleri, bitiren hyzmatlary, ýetişmedik maksatlary barada oýlananyny duýman galýar.
Şeýle ajaýyp döwrümizde güýzi garşylamak biziň hemmämiz üçin ýakymly bolsa gerek. Aziýanyň merjeni bolan paýtagtymyzyň hem peýzažlarynda adamlaryň gündelik durmuşy bilen paslyň sazlaşygyny görmek bolýar.

Gel Güýzüm öpeýin seniň ýüzüňden,
Has beter söýýärin seni özümden…

Merdan JOMARTOW

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
chitaet knigi 918x516 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Kitap okamagyň ähmiýeti

halk maslahatynyn diwany 2 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Döwletli çözgütler abadan durmuşyň binýadydyr

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop