hatyra halk THE ASHGABAT TIMES

Halkyň hakydasy – nesilleriň arabaglanyşygynyň binýady

05.10.2025

Edermen Watan goragçylaryny hem-de tebigy betbagtçylykda pida bolanlary hatyralamak däbi halkymyzyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ynsanperwer ýörelgeleriniň möhüm bölegidir. Olary hormat-sarpa bilen ýatlamak ata-babalarymyzyň gahrymançylykly ýoluny häzirki nesillere ýetirmekde örän ähmiýetlidir. Türkmen halkyna mahsus ruhubelentligiň şol ýyllaryň kynçylyklaryny we ýitgileriniň yzasyny ýeňip geçmekde synmaz güýç bolandygyny bellemek gerek. Şoňa görä-de, Hatyra gününde 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalary hem-de söweş meýdanlarynda wepat bolanlar hatyralanylýar.

Merdana pederlerimiziň söweşjeň edermenligi, gaýduwsyzlygy hakyndaky şöhratly ýatlamalar, ildeşlerimiziň zähmet üstünlikleri Watanymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ebedi ýazyldy. Şunuň bilen baglylykda, «Hatyra» kitabynyň neşiriniň bäşinji jildiniň çapdan çykmagy parahat we abadan durmuş üçin janyny orta goýan watandaşlarymyzyň edermenliklerini häzirki nesillere düşündirmek hem-de geljek nesillere ýetirmek boýunça uly işleriň alnyp barylýandygynyň aýdyň beýany boldy. Bu neşir 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda wepat bolan, şeýle-de dereksiz ýiten esgerleriň ýagty ýadygärligine bagyşlanýar.

Ýurdumyzyň şöhratly taryhy, nurana şu güni hem-de beýik geljegi bar. Türkmen paýtagty bolsa Garaşsyzlyk ýyllarynda durmuşyň we döredijiligiň amatly gurşawyna öwrüldi. Eziz Watanymyz mähriban topragymyzda parahatçylygy üpjün etmek ugrunda şirin janlaryny gurban eden perzentlerini hemişe ýatda saklap, dünýäniň halklarydyr döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrýar. Milletler Bileleşiginde öňe sürülýän başlangyçlar Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň parahatçylyk söýüjilik ýolunyň mizemezdigine şaýatlyk edýär.

Hatyra gününde öten-geçenleriň ruhuna bagyşlap berilýän sadakalar, okalýan aýat-töwirler, ýagşy doga-dilegler kabul bolsun! Goý, türkmen topragynda hemişe abadan durmuş höküm sürsün! Ýurdumyz gülläp össün! Dünýä parahat bolsun! Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, döwletli işleri elmydama rowaç bolsun!

Aýjeren BALLYÝEWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň Maglumat tehnologiýalary we programmirleme fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
komyuter san THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Informatika sapagy we sanly tehnologiýalar

hatyra THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Hakydalarda baky ýaşaýar

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop