italiya 1 THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistan – Italiýa: netijeli gatnaşyklaryň täze sahypasy

27.10.2025

Italiýa Respublikasy Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşiginiň çägindäki hyzmatdaşlyk edýän döwletleriniň biri bolup durýar. Şu ýylyň 24-25-nji oktýabrynda hormatly Prezidentimiziň Italiýa Respublikasyna amala aşyran resmi sapary bolsa iki ýurduň arasynda dürli ugurlarda, şol sanda medeni-ynsanperwer ulgamda alnyp barylýan gatnaşyklaryň täze sahypasyny açdy. Döwlet Baştutanymyzyň bu dostlukly ýurda ilkinji resmi sapary döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmekde we pugtalandyrmakda möhüm ädime öwrüler.

Taryhy wakalara ser salsak, Rime saparynyň çäklerinde döwlet Baştutanymyz «Altare della Patria» ýadygärlik binasynda näbelli esgeriň guburyna gül çemenlerini goýdy. Hormatly Prezidentimiziň Italiýanyň azatlygy we garaşsyzlygy üçin janyny gurban eden gahrymanlary sarpalamagy Türkmenistanyň halkynyň dostlukly ýurduň taryhyna we milli gymmatlyklaryna çuňňur hormatynyň aýdyň beýany boldy.

Saparyň çäklerinde döwlet Baştutanymyzyň Italiýanyň Prezidenti Serjio Mattarella bilen ikitaraplaýyn duşuşygy geçirildi. Döwlet Baştutanymyz ýurtlarymyzyň halkara derejede hem üstünlikli hyzmatdaşlyk edip, parahatçylyga, dialoga we durnukly ösüşe ygrarlylygy görkezýändigini belledi hem-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalary bilen üç gezek ykrar edilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyny yzygiderli goldaýandygy üçin Italiýa minnetdarlyk bildirdi. Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz şu ýyl Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyny belleýändigini we bu waka mynasybetli 12-nji dekabrda Aşgabatda halkara forumyň geçiriljekdigini aýdyp, Prezident Serjio Mattarellany foruma gatnaşmaga çagyrdy.

Italiýa Respublikasyna resmi saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Rimiň Kapitoliý muzeýinde «Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýalary» atly arheologik serginiň açylyş dabarasyna hem gatnaşdy.  Dabarada Arkadagly Gahryman Serdarymyz taryhy çykyş etmek bilen, Türkmenistanyň muzeýlerinde saklanýan ýurdumyzyň arheologik ýadygärliklerinden ýüze çykarylan ajaýyp gadymy eserleriň nusgalarynyň bu sergide uly gyzyklanma döretjekdigini belledi.

Hawa, beýik tutumlar anyk taslamalarda kemal tapýar. Döwletara gepleşikleriň netijesi bolsa gazanylan ylalaşyklarda, gol çekilen resminamalarda beýanyny tapýar. Şu babatda hormatly Prezidentimiziň Italiýa Respublikasyna amala aşyran resmi sapary, ýokary derejede geçirilen Rim duşuşygy garaşylan netijäni berdi diýip, ynamly aýdyp bileris. Döwlet Baştutanymyzyň bu dostlukly döwlete amala aşyran resmi sapary Magtymguly atamyzyň «Gadyrdan dostuňdan ýüzüň öwürme, // Barsaň depesine täç eder seni» diýen setirlerini, parahatçylyk söýüjiligi, dostlugy köňül baýdagyna öwren Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu ýurda ýokary döwlet wezipesindäki ilkinji resmi sapary hökmünde taryha girdi.

Gurbanmyrat AŞYROW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň V ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
glawny 2 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Bitaraplyk -belent buysanjymyz

bmg diploma THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Parahatçylyk söýüjilik ýoly bilen

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop