Synlanyňda kalbyňa aram berýän, ýyldyrym çaltlygynda ýelleri böwsüp geçeninde göwnüňi galkyndyrýan bedewlere buýsanmazlyk mümkinmi beri?! Bedewe bolan söýgi ýöne bir söýgi däl. Bu söýginiň aňyrsynda ynsan bilen bedewiň müňýyllyklaryň çuňlugyny yzarlaýan dostlugy durýar. Bedewde halkyň gadymylygy bar.
Türkmen bedewi — çäksiz söýgä we hormata mynasyp jandar. Bedew türkmen topragynda üstünlikli amala aşyrylýan özgerişlikleriň badyna bat goşýar. Türkmeniň aty, halysy, saz gurallary, dutary, şaý-sepleri, alabaý iti, saryja goýny, ak bugdaýy ýaly döreden maddy gymmatlyklarynyň il-ýurt mertebesine şindi hem mertebe goşýandygynda pederleriň ýalkawy bar. Halkymyz bedewini ýürekdeş hökmünde sylaýar. Sebäbi ol bedewi bilen doglup-döräli bäri hemsyrdaş bolup gelýär. Şoňa görä-de, türkmen we daşary ýurtly atşynaslaryň ahalteke atlaryny ösdürip ýetişdirmek boýunça çekýän asylly zähmetine mynasyp baha berlip, olara «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy», «Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary» we «Türkmenistanyň halk atşynasy» diýen hormatly atlar dakylýar. Olimpiýa stadionyndaky atyň heýkeliniň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi bolsa buýsançly başymyzy göge ýetirdi.
Şu ýerde il içinde aýdylyp gelinýän bir rowaýata ýüzleneliň. Nesilbaşymyz Oguz han ömrüni paýawlap, demini sanap ýatyrka, ogullaryny ýanyna çagyryp: “Ogullarym! Bu meniň size iň soňky wesýetim: nesillere hemişe şu üç zady aýamagy sargyt ediň! Birinjisi — Watany, ikinjisi — ata-enäni, üçünjisi bolsa — aty” diýipdir.
Görnüşi ýaly, bu rowaýata siňen hakykat ata-babalarymyzyň ýaşaýşynyň, durmuş mazmunynyň, Watan düşünjesiniň bedewler bilen baglydygyny äşgär edýär. Şeýle hakykatlar Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Gadamy batly bedew», «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitaplarynda hem öz beýanyny tapýar.
Şu ýylyň ýanwarynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Monako Knýazlygynda saparda bolan günlerinde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen halkara sirk sungaty festiwalynda üstünlikli çykyş edip, Altyn baýraga we beýleki ýörite baýraklara mynasyp bolmagy atçylyk sungatymyzyň at-abraýyny ýene-de bir gezek goşalandyrdy. Sport ýaryşlarynyň geçirilýän ýeri hökmünde bütin dünýäde tanalýan Monako Knýazlygynyň paýtagty Monte-Karlo şäherinde 47-nji gezek geçirilen halkara sirk sungaty festiwalynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň ýaşyl Tugumyzy al-asmanda parladyp, baş baýraga mynasyp bolmagy bu ugurdaky indiki halkara ýeňişlere badalgadyr.
Bedew ― Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ganaty! Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň zynaty! Şeýle ajaýyp döwrümiziň bezegi bolan behişdi bedewlerimiziň baýramy bu gün ýurdumyzda uludan bellenýär. At çapdyrylýar, altyn gabak atdyrylýar. Goý, türkmen bedewleriniň bagtyň owazyna meňzeş kişňemesi toý-baýramlarymyzda hemişe ýaňlanyp dursun!
Nurmuhammet NUNNAÝEW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň Içerki goşunlar fakultetiniň Harby okuw taýýarlygy kafedrasynyň mugallymy, maýor.