parahatcylyk ak kepderi THE ASHGABAT TIMES

Parahatçylygyň belent ykrary

30.10.2025

Türkmen halky adamzat taryhynyň ähli döwürlerinde-de parahatçylyk we ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarly bolupdyr. Hemişelik Bitaraplygymyzyň düýp özenini düzýän bu ýörelgeler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has-da dabaralanyp, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen netijeli ösdürilýär.

Dünýä bileleşigi şu ýyl iki şanly senäni — BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygyny we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 30 ýyllygyny baýram edýär. Şanly seneleriň hormatyna şu ýyl ýurdumyzyň başlangyjy bilen bütin dünýäde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi. Şunuň bilen baglylykda, bu şanly seneleri giňden dabaralandyrmak we dünýäde parahatçylygy goldamak, durnukly ösüşe ýardam bermek, dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak maksady bilen, ýurdumyzyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasy kabul edildi.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň awgust aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dünýäniň 104 döwletinden, halkara guramalaryň 46-syndan wekiliýetleriň gatnaşmagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi. Onuň jemleri boýunça Awaza syýasy Jarnamasy kabul edildi. Ol 2014 — 2024-nji ýyllar üçin Hereketleriň Wena maksatnamasynyň netijelerini jemleýän resminama bolup, 2024 — 2034-nji ýyllar üçin täze strategik gün tertibini kesgitleýär. Bu resminama bilelikdäki tagallalar üçin anyk ugurlary görkezip, DÇBÖBD-niň ýüzbe-ýüz bolýan düzümleýin meselelerini çözmekde halkara hyzmatdaşlygyň möhümdigine ünsi çekýär. Bu resminamanyň möhüm halkara ähmiýete eýedigini ýakynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan ýörite Kararnamanyň kabul edilmegi hem aýdyň görkezýär.

Türkmenistan bu gün parahatçylykly hyzmatdaşlygyň, ylym-bilimiň, medeni gatnaşyklaryň mekany bolup, ýokary sporta ynamly aralaşýan, sanly ulgamy çalt özleşdirýän ýurt derejesine ýetdi. Ähli ösüşlerimiz, özgerişlerimiz Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň alyp barýan oýlanyşykly, parasatly syýasatynyň netijesi bolup, şol paýhasly, örän netijeli we üstünlikli syýasaty barha kämilleşdirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taryhy tagallalary örän uludyr. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ömürleri uzak, belent başlary aman, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaç bolsun!

Halbibi SATLYKOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň V ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
11:47 pm, Dec 5, 2025
temperature icon 10°C
пасмурно
Humidity 62 %
Pressure 1026 mb
Wind 5 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 100%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 8:07 am
Sunset Sunset: 5:47 pm
bedew at anna THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Bedew – ynsanyň syrdaşy, uçar ganaty

arkadag sahergg THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Arkadag şäheri – geljegiň şäheri

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop