Golaýda Italiýa Respublikasyna amala aşyran resmi saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Rim şäherinde guralan «Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýalary» atly arheologik serginiň açylyş dabarasynda eden çykyşynda Türkmenistan bilen Italiýa Respublikasynyň arasynda arheologiýa ugry boýunça hyzmatdaşlygyň ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň ilkinji ýyllaryndan gözbaş alýandygyny nygtady. Bu ugurda häzire çenli türkmen we italýan hünärmenleriniň arasynda üstünlikli dowam etdirilýän hyzmatdaşlyk milli mirasymyzy, maddy gymmatlyklarymyzy öwrenmekde möhüm ähmiýete eýedir.
Türkmenistanyň baý taryhy gymmatlyklaryny ylmy taýdan çuňňur öwrenmek maksady bilen, arheologik hyzmatdaşlygyň dowamynda Italiýanyň Afrikany we Gündogary öwrenmek boýunça instituty, ýurduň Wenesiýa şäherindäki «Ligabuýe» ylmy-barlag merkezi, Turin şäherindäki Ýakyn Gündogar we Aziýa boýunça arheologik ylmy-barlag we gazuw-agtaryş merkezi, biraz soňrak bolsa Bolonýa şäheriniň uniwersiteti bilen hyzmatdaşlyk etmek boýunça degişli Ylalaşyklar baglaşyldy. Netijede, bilelikdäki türkmen-italýan arheologik ekspedisiýasy Murgap derýasynyň gadymy akabasynda ýerleşýän, bürünç zamanyna degişli bolan ýadygärliklerde hem-de Köne Nusaý galasynda ylmy-gözleg işlerini geçirdiler. Şunda türkmen tarapyndan esasy hyzmatdaş bolup Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirligi çykyş edýär.
Geçen otuz ýyldan gowrak döwrüň dowamynda bilelikdäki türkmen-italýan arheologik ekspedisiýasy ýaz hem-de güýz möwsümlerinde gadymy medeniýetleriň arheologik gatlaklaryny öwrenip gelýär. Şu ýyllaryň dowamynda gadymy jemgyýetleriň we döwletleriň binagärlik hem-de çeperçilik medeniýetleri, senagatçylygy, dini düşünjeleri we sosial düzümleri, şeýle hem birnäçe müň ýyl mundan ozal Türkmenistanyň çäginde bolup geçen taryhy wakalar, medeni özgertmeler barada düýpli maglumatlar ýygnaldy we ulgamlaşdyryldy.
Köne Nusaý galasynda professor Karlo Lippolisiň ýolbaşçylygyndaky türkmen-italýan ekspedisiýasy tarapyndan dowam etdirilýän arheologik ylmy-barlaglar bu meşhur ýadygärligiň iç ýüzüniň gurluşynyň düzümi boýunça täze maglumatlary ýüze çykarýar. Soňky ýyllaryň arheologik gazuw-barlaglary galanyň suw üpjünçilik ulamynyň we günorta-günbatar tarapyndaky iki wajyp bölegiň öwrenilmegine gönükdirildi. Bu ýerde otaglaryň we gala diwarynyň bir böleginiň üsti açyldy. Galanyň bu böleginde ybadathanalara hyzmat eden we olaryň işini ýöreden goşmaça hojalyk toplumynyň ýerleşendigi anyklandy.
Umuman, arheologiýa ylmy-barlaglar boýunça hyzmatdaşlyk Türkmenistan bilen Italiýa Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmekde mynasyp orun eýeleýär.
Döwletgeldi ÖWEZGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň IV ýyl talyby.