Parahatçylyk ― ähli döwürleriň iň gymmatlygy baýlygy. Taryhy tejribelere esaslanylmak bilen, häzirki zaman diplomatiýasynda parahatçylygy gorap saklamak baş wezipeleriň biri hökmünde kesgitlenendir. Şu jähetden, Türkmenistan döwletimiz parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty alyp baryp, bu ugurda netijeli işleri durmuşa geçirýär. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen bütin dünýäde giň goldaw tapýan halkara başlangyçlarymyz bolsa Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň parahatçylyk söýüjilik, döredijilik mümkinçiliklerini aýdyň görkezýär.
Milli diplomatiýamyzyň ýörelgeleri ählumumy parahatçylygyň we durnukly ösüşiň bähbidine strategik hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gönükdirilendir. Şoňa görä-de, ýurdumyzyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi möhüm wakalaryň biri boldy. Şunda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli ýurdumyzda we dünýä döwletlerinde yzygiderli geçirilýän halkara çäreler ýokary ähmiýete eýedir.
Bilşimiz ýaly, Türkmenistan döwletimiz 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG tarapyndan ykrar edilen ilkinji Bitarap döwlet boldy. Häzirki wagtda bu sene Halkara Bitaraplyk güni hökmünde halkara derejede giňden bellenilýär. Milli Liderimiziň öňdengörüjilikli başlangyçlary we hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda ýurdumyzyň bu iri halkara gurama bilen hyzmatdaşlygy strategik derejede yzygiderli ösdürilýär. Türkmenistanyň öňe sürýän halkara başlangyçlary bolsa dünýä döwletleri tarapyndan biragyzdan goldanylyp, BMG-niň ýörite Kararnamalary esasynda yzygiderli berkidilýär.
Dostlugy we hyzmatdaşlygy ösdürmeklik parahatçylykly ýaşaýşyň esasy ýörelgeleri hökmünde häsiýetlendirilýär. Şu nukdaýnazardan, awgust aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty we onuň çäklerinde guralan ugurdaş çäreler halklary jebisleşdirmekde, özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde, medeni diplomatiýany ilerletmekde möhüm ähmiýete eýe boldy. Maslahata dünýäniň 104 döwletinden, halkara guramalaryň 46-syndan wekiliýetler gatnaşdylar. Onuň jemleri boýunça Awaza syýasy Jarnamasy kabul edildi. Bu resminamanyň ýokary halkara ähmiýete eýedigini ýakynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan ýörite Kararnamanyň kabul edilmegi hem aýdyň görkezýär.
Dünýäde parahatçylygy goldamak, durnukly ösüşe ýardam bermek, dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak Bitaraplygyň türkmen nusgasynyň häsiýetli aýratynlygydyr. Bütin dünýäde parahatçylyk ýörelgelerini dabaralandyrýan Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys.
Gülşat HAKYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby.