7e460c2ba77e83e22023f649b7d4d1c8 THE ASHGABAT TIMES

Meksikaly Fatima Bosch «Miss Universe – 2025» baýragyny gazandy

21.11.2025

MEKSIKA – 25 ýaşly ynsanperwer we meýletinçi Fatima Bosch Taýlandda geçirilen «Miss Universe – 2025» gözellik bäsleşiginde ýeňiji boldy.

Bosch bäsleşigiň öňünden geçirilen duşuşykda Taýlandly direktor tarapyndan açyk tankyt edilenden soň muşdaklaryň iň halanýan dalaşgäri boldy. Bu ýagdaý birnäçe dalaşgäriň zaldan çykmagyna sebäp boldy. Şol wakadan soň hem Bosch ähli tapgyrlary üstünlikli geçip, geçen ýylyň ýeňijisi Daniýadan Wiktoria Kjær Theilvig tarapyndan täçlendirildi.

Ikinji orny Taýlanddan Praveenar Singh eýeledi. Ilkinji bäşlige Wenesueladan Stefany Abasali, Filippinlerden Ahtisa Manalo we Kot-d’Iwuardan Olivia Yacé girdi.

«Miss Universe» gözellik bäsleşigi dünýäde «Super Bowl» ady bilen tanalýar we her ýyl millionlarça tomaşaçyny özüne çekýär. Bu ýyl 120 ýurtdan dalaşgärler gatnaşdy. Ilkinji gezek Palestina halkynyň wekili Nadeen Ayoub gatnaşyp, ilkinji 30-luga girdi.

Final amerikan komedianty Stiw Birn tarapyndan alyp baryldy, sahnany bolsa Taýlandly aýdymçy Jeff Satur açdy.

gettyimages 2246859859 THE ASHGABAT TIMES

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
1763705100274 20251121110431png THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

London Merkezi Aziýa bilen gatnaşyklaryny partiýalar arasyndaky gepleşikler arkaly berkitýär

img 20250210 140133 773 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Gazagystan suwuklandyrylan uglerod-wodorod gazynyň eksportyny 15% azaltdy

Soňkylar Dünýä habarlary

Taryhdaky iň uly deňiz hazynasy tapyldy

03.12.2025
Ady rowaýata öwrülen ispan gämisi «San–Hose» hazynasy Karib deňziniň düýbünden çykarylyp başlandy. Bu hazynalaryň bahasy 18-20 milliard dollara deňdir. Ol taryhdaky iň uly deňiz
GitTop