Dark
Light
27.01.2026
gazna emblem THE ASHGABAT TIMES

Oguljahan Atabaýewanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Katar Döwletinde saparda boldy

09.12.2025

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Katar Döwletine sapary amala aşyrdy.

Saparynyň çäklerinde Oguljahan Atabaýewa Doha forumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. “Diplomatiýa, dialog, dürlülik” şygary astynda geçirilýän Doha forumy ählumumy meseleleriň netijeli çözgütlerini işläp taýýarlamakda iri halkara platforma bolup durýar.

Şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Katar Döwletiniň Daşary işler ministrliginiň halkara hyzmatdaşlyk boýunça döwlet ministri Marýam bint Ali Al-Misned, Katar Döwletiniň jemgyýetçilik ösüş we maşgala ministri Buseýne bint Ali Al-Jaber Al-Nuaými, Katar Döwletiniň bilim we ýokary bilim ministri Lolwa bint Raşid bin Mohammed Al-Hater  hem-de Ylym, bilim we jemgyýetçilik ösüşi boýunça Katar gaznasynyň prezidenti Şeýha Moza bint Naser bilen duşuşyklary geçirdi. Şeýle hem saparyň çäklerinde türkmen wekiliýeti Doha şäherindäki Yslam sungaty muzeýine baryp gördi.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Doha forumynyň çäklerinde “Täze eýýamda çagalary goramak: inklýuziw ynsanperwer çäreleri ösdürmek” atly tematiki sessiýa gatnaşdy. 

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

020724 02 proekt THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Parahatçylyk we Ynanyşmak: Türkmenistanyň Belent Ýörelgesi

sowda bas THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanda baýramçylyk söwdasyna badalga berildi

Soňkylar Habar

GitTop