gazna sahamca THE ASHGABAT TIMES

Awazada haýyr-sahawat gaznasynyň täze şahamçasy açyldy

10.12.2025

Düýn – 9-njy dekabrda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky şahamçasynyň açylyş dabarasy boldy.

Türkmenistanyň Döwlet senasynyň astynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Döwlet tugy belende galdyryldy. Soňra «Aýterek—Günterek» sazy belentden ýaňlanyp, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň baýdagy ýokary göterildi. Gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa gutlag sözi bilen çykyş edip, şahamçany açdy.

Täze şahamçanyň açylyş dabarasynyň «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek» atly halkara maslahatyň işi bilen utgaşyklykda bolup geçmegi oňa gatnaşan daşary ýurtly zenanlara ýatdan çykmajak ýakymly pursatlary bagyş etdi.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
bitaraplyk taze taze THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Parahatçylyk we ynanyşmak – döwrüň hakykaty

1765315764659 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

At üstündäki oýunlar toparynyň ýaş gyzlary ussatlygyny görkezdiler

Soňkylar Habar

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

12.12.2025
Eziz watandaşlar!Hormatly adamlar! Sizi Halkara Bitaraplyk güni, şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Türkmenistan Garaşsyzlygy ykrar edilen
GitTop