Düýn, 11-nji dekabrda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnaşmak maksady bilen ýurdumyza gelen daşary ýurt wekiliýetleriniň gatnaşmagynda Aşgabatda “Bitaraplygyň 30 ýyllygy” binasy açyldy.

Açylyş dabarasyna Mejlisiň Başlygy, Hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň ýolbaşçylarydyr wekilleri, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileri, halk köpçüligi gatnaşdy.

Desganyň bitewüligiň we yzygiderli dialogyň nyşany hökmünde tegelek daşky binagärlik keşbi halkany emele getirýän baýdak sütünleri bilen sazlaşykly utgaşýar. Bitaraplyk binasynyň bezeginde Birleşen Milletler Guramasynyň baýdagynyň we nyşanynyň reňkleri bolan ak hem-de gök reňkler agdyklyk edýär. Ak reňk parahatçylygy, açyklygy, hoşmeýilli erki alamatlandyrsa, gök reňk ählumumy jebisligi, Türkmenistanyň halkara giňişlikde işjeň öňe sürýän öňüni alyş diplomatiýasyny beýan edýär.
Dabarada Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, Birleşen Milletler Guramasynyň Ženewadaky edarasynyň Baş direktory T.Walowaýa, şeýle hem Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow çykyş edip, hemişelik Bitaraplygymyzyň ýokary ähmiýetini bellediler.
«THE ASHGABAT TIMES».