Düýn, 12-nji dekabrda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti boldy. Oňa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda geçirilen halkara çärelere gatnaşmak üçin Aşgabada gelen daşary ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlary bilen bilelikde gatnaşdy.
Medeniýet we sungat ussatlarynyň, folklor toparlarynyň, teatr artistleriniň taýýarlan baýramçylyk konserti oňa gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Onda milli aýdym-sazlaryň daşary ýurt aýdymlary bilen utgaşykly ýaňlanmagy tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmalaryna mynasyp boldy.
Baýramçylyk konsertinde Gahryman Arkadagymyzyň sözlerine, Kerim Berdimuhamedowyň sazyna döredilen “Ak şäherim Aşgabat” atly aýdymyň ýaňlanmagy Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli taýýarlanan konsertiň ähmiýetini has-da artdyrdy.
Ak mermerli Aşgabadyň nurana agşamlarynda asuda asmany ýagtylandyran älemgoşar öwüşginli feýerwerk giňden ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk dabaralaryny jemledi. Asman giňişliginde emele gelen şekiller halkymyzyň bagtyýar durmuşyny, ýurdumyzyň abadançylygyny, uly dabaralara beslenen şanly senäni äşgär eden görnüşlere beslendi.
«THE ASHGABAT TIMES».