Türkmenistan hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyny uludan toýlady. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyz Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döredijilikli daşary syýasat ugruna yzygiderli eýerýär. Şunuň bilen baglylykda, ýakynda hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly täze kitabynyň halkymyza gowuşmagy hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygyna özboluşly baýramçylyk sowgady boldy.
Pähim-paýhasa ýugrulan «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly täze kitap berkarar döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine laýyklykda alyp barýan içeri we daşary syýasatyny, dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen hoşniýetli hyzmatdaşlygy, dünýäde ählumumy parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen işjeň tagallalary giňden wagyz etmekde, ýaş nesillerimizi agzybirlik, watançylyk, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde möhüm ähmiýete eýedir.
Täze kitap «Bitaraplyk — türkmen paýhasynda», «Bitaraplygyň taryhy köklerine nazar aýlap», «Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy: netijeli hyzmatdaşlygyň baý tejribesi», «Parahatçylyk we ynanyşmak — döwrüň derwaýyslygy», «Bitaraplygyň ynsanperwer ölçegi», «Türkmenistanyň «Açyk gapylar» syýasaty», «ХХI asyr: Türkmenistanyň geosyýasy we geoykdysady strategiýasy», «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: taryhy resminamalar, gutlaglar, çykyşlar» atly bölümlerden ybaratdyr. Degişli bölümlerde hemişelik Bitaraplygymyzyň bütin dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmakdaky ähmiýeti barada parasatly pikirler öňe sürülýär.
Biz hem «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly täze kitabyň neşir edilmegi mynasybetli Milli Liderimizi, hormatly Prezidentimizi hem-de ähli halkymyzy tüýs ýürekden gutlaýarys. Goý, bütin dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmakda aýdyň geljege gönükdirilen belent maksatly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, döwletli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Güljemal ALLAGULYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.