Dark
Light
18.12.2025
bitarap bina taze THE ASHGABAT TIMES

Bitaraplyk – buýsanjymyz

17.12.2025

Bu gün mukaddes toýumyzda – bu diňe bir senäniň täzeden gelmegi däl. Bu gün biz türkmen halkynyň ýüreginde müňýyllyklardan bäri  ýaşap gelýän parahatçylyk söýüjilik düşünjesiniň dünýädäki tassyklanan beýik nyşany –hemişelik Bitaraplygyň ruhy dabarasyny belleýäris.

Bitaraplyk – bu diňe bir syýasy ugur, diplomatik ýol däl. Bitaraplyk türkmen halkynyň ruhundaky aramlygynyň, hoşniýetliligiň, myhmansöýerligiň beýanydyr. Ol sährada ýeliň ylham bilen öwüsýan ýyly ýüregi ýaly, nur saçyp, giň dünýäni parahatlygyň owazyna garyp dur.

Bitaraplyk syýasaty – dünýä bilen aramlygyň tämiz çesmesi. Bu çeşmäniň suwy hiç bulanyp bilmez. Ol dostlukdan, ynanyşmakdan, hormatdan gözbaş alýar. Dünýä halklary bilen çesmeden suw içende, olaryň ýürekleri rahatlyk bilen doludyr, ýoluna ýagtylyk çaýýar.

Biz Bitaraplygymyz arkaly dünýä ýüzüne şeýle bir habar berýaris:

  • Biz size garşy däl – biz size açyk.
  • Biz garşydaş däl – biz dost.
  • Biz garşylyk däl – biz size hyzmatdaşlyk hödürleýäs.

 Bu mukaddes dereje bize halkara derejesinde uly abraý getirýär. Bitaraplyk halkymyza döredijilik ylhamy berýär, il-ýurt içinde agzybirligi, asudalygy, ylalaşygy goldap, ýaşaýşymyzyň her gününe baý, her ertirine toý ruhuny çaýýar.

Biz Bitaraplygymyza daýanyp geljege ynam bilen barýarys, parahatlykdan güýç alýarys. Hemişelik Bitaraplygyň mukaddes çyrasy elmydama nur saçyp dursun! Bu parahatlygyň, ösüşiň we ynsanperwerligiň ýoluny alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun!

Goý, hemişe parahat we gülläp ösýän Bitarap Türkmenistan döwletimizde türkmen halky üçin edýän atalyk aladalarynyň dowamaty dowam bolsun!

Allamyrat MÄMMEDOW,
Mary etrabynyň Ç.Gurbangylyjow adyndaky
19-njy orta mekdebiniň okuw işleri boýunça orunbasary.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
bitarap kitap THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Parahatçylyk we ynanyşmak – dünýä nusgalyk ýol

executive order data privacy THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Ak Tam tarapyndan täze Jarnama çap edildi

Soňkylar Makalalar

Parahatçylyk we ynanyşmak – dünýä nusgalyk ýol

17.12.2025
Türkmenistan hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyny uludan toýlady. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyz Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän

Bilim arkaly beýik geljek gurulýar

17.12.2025
Täze taryhy döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň oňyn başlangyçlarynyň, hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli döwlet syýasatynyň netijesinde ýurdumyzda milli ylym-bilim ulgamy döwrüň ösen talabyna laýyklykda yzygiderli kämilleşdirilýär. Şunda

Türkmen alabaýy – halkymyzyň milli buýsanjy

17.12.2025
Türkmen alabaýy halkymyzyň milli buýsanjy we taryhy-medeni mirasynyň aýrylmaz bölegidir. Şunuň bilen baglylykda, häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlarynyň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa

Sport bilen ýeňişli ýollara!

16.12.2025
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly ýene bir taryhy waka beslendi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz türkmen sportunyň halkara abraýyny belende galdyran, halkara bilim bäsleşiklerinde gazanan ýeňişleri

Halkyň saglygy – döwletiň baýlygy

16.12.2025
«Saglygym — begligim», «Bar zadyň sakasy saglyk» diýip, ähli ugurda baý tejribelerini, ýagşy durmuş ýörelgelerini miras goýup giden ata-babalarymyz sagdyn bedenli, sagdyn ruhly bolmagy
GitTop