Şu gün, 17-nji dekabrda Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda «Ýylyň parlak ýyldyzy» atly aýdym-saz bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Döredijilik bäsleşigi birnäçe tapgyrlarda geçirilip, iň zehinli aýdymçylaryň 10-sy jemleýji tapgyrda çykyş etmek üçin saýlanyp alyndy.
Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilen bilelikde guralan şu gezekki bäsleşige ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan, Aşgabat we Arkadag şäherlerinden 17 — 35 ýaş aralygyndaky zehinli ýaş estrada aýdymçylary gatnaşdylar.
Eminler hökmünde çykyş eden teletomaşaçylardyr radiodiňleýjiler SMS we jaň etmek arkaly seslerini bermek bilen, gatnaşyjylaryň ýerine ýetirijilik ussatlygyna baha berdiler. Jemleýji tapgyrda tomaşaçylaryň SMS arkaly iberen sesleri sanaldy. Şeýlelikde, ýaş zehinli aýdymçy Göwher Hajymyradowa «Ýylyň parlak ýyldyzy» döredijilik bäsleşiginiň ýeňijisi bolup, oňa göçme kubok we gymmat bahaly sowgat gowşuryldy.
Şeýle hem bäsleşikde Mähri Hojakowa 1-nji orna, Serdar Çaryýew 2-nji orna, Döwran Şammyýew bolsa 3-nji orna mynasyp boldy.
«THE ASHGABAT TIMES».