Ýaş nesiller, olaryň sazlaşykly ösüşi we saglygy, mynasyp bilim-terbiýe almaklary, saýlap alan hünärine eýe bolmaklary, ylym we döredijilik, bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmaklary üçin zerur şertleriň döredilmegi baradaky alada ýurdumyzda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Şunda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen döwletimiziň we jemgyýetimiziň ähli ugurlaryny öz içine alýan giň möçberli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ýaş nesilleriň buýsanjyny goşalandyrýar.
Döwlet Baştutanymyz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Watanymyzyň geljegi ýaşlarymyz bilendir. Olar ata Watanymyza, halkymyza wepaly, ata-babalarymyzyň döwletlilik we ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerýän, zähmetsöýer, watansöýüji, päk ahlakly ýaşlar bolmalydyr. Şeýle belent adamkärçilik sypatlary bilen Watanymyzyň, türkmen halkymyzyň dünýädäki abraý-mertebesini has-da belende götermelidirler» diýip belleýär. Munuň özi türkmen ýaşlaryna bildirilýän ynamyň örän ýokarydygyny aýdyň görkezýär.
Häzirki wagtda ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, ukyp-başarnyklaryny, intellektual mümkinçiliklerini doly açmagy, dünýägaraýşyny giňeltmegi üçin ähli şertler döredilýär. Şunuň bilen baglylykda, «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy», «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy», «Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy», «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» we beýleki resminamalar kabul edildi.
Şu ýyl Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň ýylýazgysy möhüm taryhy wakalara, şöhratly senelere, uly üstünliklere beslenip, bu ösüş-özgerişler biz ― ýaş nesilleriň buýsanjymyzy goşalandyrýar. Goý, ýaş nesillere ähli ugurlarda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, beýik işleri elmydama rowaç bolsun!
Allamyrat NURSAHATOW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.