Taýpeý, Hytaý Taýpeýi — 2025-nji ýylyň 9–14-nji dekabry aralygynda «FISU Healthy Campus» («FISU sagdyn kampus») atly halkara derejeli seminar-maslahaty üstünlikli geçirildi. Maslahat ýokary okuw mekdeplerinde sagdyn durmuş ýörelgelerini ösdürmek, talyplaryň beden we ruhy saglygyny goldamak, şeýle hem halkara tejribeleri paýlaşmak maksady bilen guraldy.
Bu möhüm çärä Merkezi Aziýa talyplar sporty federasiýasynyň wekilleri bilen bir hatarda Halkara talyplar sport federasiýasynyň (FISU), Aziýa yklymyndaky talyplar sport federasiýasynyň (AUSF) ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Türkmenistanyň adyndan maslahata Türkmenistanyň Milli talyplar sport federasiýasynyň baş kätibi, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň uly mugallymy Serdar Gurdow gatnaşyp, ýurdumyzyň talyplar sporty babatyndaky tejribelerini we gazananlaryny giňden beýan etdi.
Maslahatyň dowamynda talyplaryň beden saglygyny goramagyň häzirki zaman usullary, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak we psihologik goldaw ulgamyny kämilleşdirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Çykyş edenler ýokary okuw mekdeplerinde sagdyn we howpsuz gurşawy döretmegiň halkara tejribelerini hödürlediler.
«FISU Healthy Campus» maksatnamasynyň esasy ugurlary giňişleýin düşündirildi. Bu maksatnama ýokary okuw mekdepleriniň saglyk, sport, abadançylyk we dolandyryş ulgamlaryny halkara ölçeglere laýyklykda ösdürmäge gönükdirilen giň gerimli taslama bolup durýar.
Sanly tehnologiýalaryň saglyk gözegçiliginde we talyplaryň saglygyny monitoringlemekde orny aýratyn üns merkezinde boldy. Bu ugur boýunça dünýäniň öňdebaryjy tejribeleri paýlaşyldy.
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň wekili Serdar Gurdow «FISU Healthy Campus» başlangyçlarynyň çäginde Türkmenistanda talyplar sportunyň ösüşi» atly çykyşynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde alnyp barylýan işler, halkara hyzmatdaşlyk we geljekki meýiller barada giňişleýin maglumat berdi.
FISU Healthy Campus — Halkara talyplar sport federasiýasy tarapyndan döredilen halkara maksatnama bolup, ýokary okuw mekdeplerinde sagdyn, durnukly we howpsuz durmuş gurşawyny döretmäge gönükdirilendir. Maksatnama boýunça ýörite reýting ulgamy hereket edýär.
Bu reýting ýokary okuw mekdepleriniň:
- talyplaryň saglygyny goramak,
- sport mümkinçiliklerini giňeltmek,
- abadançylyk we dolandyryş ulgamyny kämilleşdirmek ugurlaryndaky gazananlaryny halkara ölçegler boýunça bahalandyrýar.
Bu ulgam ýokary okuw mekdeplerini dünýä derejesindäki standartlara laýyklaşdyrmaga, talyplar üçin has amatly we sagdyn gurşaw döretmäge itergi berýär.
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty diňe bir milli reýting ulgamlarynda däl, eýsem halkara derejede hem ýokary baha berilýän okuw mekdepleriniň biri hökmünde tanalýar. Institut 2005-nji ýyldan bäri dünýäniň ýokary okuw mekdepleriniň onlaýn abraýyny seljerýän «uniRank» reýtingine girýär.
Türkmenistanyň Milli talyplar sport federasiýasy bolsa:
- 1995-nji ýyldan bäri FISU-nyň,
- 2004-nji ýyldan bäri AUSF-niň,
- 2025-nji ýyldan başlap CAUSF-niň agzasy bolup, ýurdumyzyň talyplar sportuny ösdürmekde möhüm orny eýeleýär.
2024-nji ýylda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty Bedenterbiýe we sport uniwersitetleriniň halkara birleşiginiň doly hukukly agzalygyna kabul edilip, halkara hyzmatdaşlygynyň täze tapgyryna gadam goýdy.
«FISU Healthy Campus» halkara seminar-maslahaty ýokary okuw mekdepleriniň sagdyn durmuş ýörelgelerini ösdürmekde, talyplaryň beden we ruhy saglygyny goldamakda hem-de halkara tejribeleri öwrenmekde möhüm ähmiýete eýe boldy.
Maslahatyň dowamynda dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelen hünärmenler bilen tejribe alyşmak, täze başlangyçlary ara alyp maslahatlaşmak we geljekki hyzmatdaşlygyň ugurlaryny kesgitlemek mümkinçilikleri döredildi.
Bu çäre Türkmenistanyň talyplar sporty ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge, ýokary okuw mekdepleriniň halkara reýtinglerde ornuny berkitmäge we talyplaryň sagdyn durmuş ýörelgelerini ösdürmäge gönükdirilen işleriň täze tapgyryny açdy.