2025-nji ýylyň 4 – 8-nji dekabry aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Nankin şäherinde ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň arasynda nazary mehanika boýunça VI halkara olimpiadasy geçirildi. Ol Hohaý uniwersiteti tarapyndan guraldy.
Abraýly halkara gözden geçirilişine dünýäniň dürli ýurtlarynyň 66 uniwersitetinden 600-den gowrak talyp gatnaşdy.
Olimpiada ýurdumyzdan Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň iki talyby – Dursunjemal Ataýewa hem-de Mähriban Azadowa gatnaşdylar.
Bäsleşigiň netijeleri boýunça talyplarymyzyň ikisi-de şahsy hasapda II orny we olimpiadanyň toparlaýyn hasabynda II orny eýelemegi başaryp, nazary mehanikany örän oňat bilýändiklerini hem-de ders boýunça ýokary taýýarlyk derejesini görkezdiler.
«THE ASHGABAT TIMES».