Mugallymçylyk — dünýädäki iň asylly hünärleriň biri. Biziň mekdebimizde okap, hünär edinen ýaşlar orta mekdeplerde başlangyç synp mugallymy ýa-da mekdebe çenli çagalar edaralarynda bilim işgäri we terbiýeçi bolup işleýärler. Şundanam görnüşi ýaly, kärimiz ýurdumyzyň ösüp gelýän körpe nesline döwrebap terbiýe we başlangyç bilim bermek bilen gönüden-göni bagly.
Döwrüň geljegi ýaşlara bagly. Ýakyn onýyllyklarda ýurduň ýüzi we daýanjy boljak ýaşlaryň geljegi şu günki mekdep okuwçylarynyň terbiýesine we alan hünärine bagly. Olaryň watançy, zähmetsöýer, ynsanperwer adamlar bolup ýetişmeklerinde mekdep mugallymlaryna örän uly jogapkärçilik degişli. Şoňa görä, biz okadýan talyplarymyzyň aňyna, ilki bilen, Watan mukaddesliklerini guýmaga çalyşýarys. Talyplarymyza halkymyzyň taryhy, mirasy, milli edep-terbiýesi hakda giň düşünje bermäge, milletimiziň urp-adatyna, sungat derejesine çykarylan senetlerine söýgi we buýsanç döretmäge çalyşýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şu günki oglan-gyzlaryň ertir Watanymyzyň mynasyp ogullary-gyzlary bolup ýetişmelidikleri barada aýdanlaryndan ugur alyp, işlerimizi şoňa laýyk guraýarys.
Çekýän zähmetimiz ýerine düşýär diýip, buýsanyp aýtmaga hakymyz bar, tüweleme! Biziň mekdebimiziň uçurymlary bu günki gün mekdeplerde we çagalar baglarynda abraý bilen işleşip ýörler. Indi olaryň okadan okuwçylary ylymly-bilimli adamlar bolup, ýurdumyzyň döwlet edaralarynda, kärhanalarynda işleýärler, alym bolup, ylym bilen meşgullanýarlar, saglygy goraýyş, sport, hyzmat ediş, telekeçilik, garaz, her kim öz göwün söýen kärinde öndürijilikli işläp, Watanyň kuwwatyna kuwwat, abraýyna abraý goşýar. Şu zatlaryň hemmesi ilkinji edep-terbiýeden, başlangyç sapaklardan gözbaş alýar.
Biz başlangyç synplarda okadýanlary hem-de mekdebe çenli bilim we terbiýe berýänleri okadyp, olara hünär öwredýändigimiz üçin bagtlydyrys. Biziň jemgyýetde sylanylýan, hormat goýulýan kärimiz bar. Şeýle bagtyň gözbaşynda durup, ýaşlarymyzy okatmak-öwretmek üçin ähli şertleri döredip berýän Milli Liderimize, hormatly Prezidentimize bimöçber alkyş aýdyp, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, işleriniň rowaç bolmagyny arzuw edýäris.
Hangeldi PIRIÝEW,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.