Hemmelere bagt we şatlyk, ýagşy umyt-arzuwlary eçilýän Täze ýyl baýramy bosagada dur. Şu pursatlarda ýurdumyzyň ýene bir geçen döwrüniň jemleri jemlenilýär hem-de geljek üçin anyk meýilnamalar düzülýär. Tutuş Diýarymyz baýramçylyk keşbine girýär, Watanymyzyň her bir künjeginde ýokary ruhubelentlik ýagdaýy emele gelýär. Munuň özi döwletlilikden nyşandyr.
Dünýä giňişliginde adamzadyň ýagşy umytlar, nurana arzuwlar bilen söýüp garşylaýan Täze ýyl baýramy ýurdumyzyň dürli künjeklerinde bagtyýar maşgalalaryň bereketli ojaklarynda agzybirligiň, bagtyýarlygyň aýdyň nyşanyna öwrülip, şatlyk-şowhun bilen dabaralandyrylýar. Ýakymly pursatlara beslenýän baýramçylyk ynsan kalbyny şatlykdan dolduryp, adamlaryň ruhubelentligini artdyrýar.
Şu günler türkmen paýtagty has-da gözel görnüşe girip, kalbyňy joşdurýan aýratyn öwüşginler bilen haýran galdyrýar. Bu tebigy ýagdaýdyr. Her bir täze gün döwlet Baştutanymyzyň üstünlikli durmuşa geçirýän içeri we daşary syýasatynyň dabaralanýandygynyň, Türkmenistanyň ösüşiň belentliklerine tarap ynamly öňe barýandygynyň aýdyň güwäsidir. Täze ýyl baýramynyň şu ýakymly pursatlarynda her bir ynsanyň iň bir ýakynlaryny gutlamaga, dost-ýarlaryna, dogan-garyndaşlaryna, goňşy-golamlaryna päk arzuwlar etmäge howlukmagy pederlerimiziň asylly däpleriniň dowamat-dowamdygyny alamatlandyrýar.
Baky bagtyýarlygyň mekanyna öwrülen eziz Diýarymyzda şadyýan çagalaryň şirin owazlary belentden ýaňlansyn! Täze ýyl türkmen halkyna rysgal-bereket, bagtyýarlyk getirsin! Baýramyňyz gutly bolsun, mähriban ildeşler!
Kümüș ÇARYÝEWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň pedagogika fakultetiniň başlangyç bilim mugallymçylygy we psihologiýasy hünäriniň talyby.