Dostluk — ynsan gatnaşyklarynyň içinde iň naýbaşysy. Pähim-paýhas esasynda gurlan dostluk uzaga gidýär. Bu jümleler döwletara gatnaşyklarynda hem şeýledir. Ata Watanymyzyň halkara gatnaşyklarynda öňe sürýän ýörelgeleri dostluga, hoşniýetlilige, ynama, ynanyşmaga, ylalaşyklylyga, ynsanperwerlige esaslanýar. Şeýle ýörelgelere ygrarlylyk hormatly Prezidentimiziň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň ýokary derejeli resmi däl sammitine gatnaşmak maksady bilen, Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyranda ýene-de bir gezek belentden dabaralandy.
33 ýyldan gowrak wagt bäri üstünlikli hereket edýän Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy dünýäde iň täsirli sebitleýin guramalaryň biridir. Gurama girýän döwletler geografik taýdan iň ýakyn goňşularymyz, hoşniýetli dostlarymyz, syýasatda bolsa ygtybarly hyzmatdaşlarymyzdyr. Bitaraplyk hukuk derejesinden gelip çykýan halkara borçlary bilen baglylykda, Türkmenistanyň GDA assosirlenen agza hökmünde gatnaşýandygyny turuwbaşdan bellemeli. Ýurdumyzyň bu başlangyjy GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň 2005-nji ýylda Kazanda bolan maslahatynda doly makullandy we goldanyldy. Türkmenistan assosirlenen agza hökmünde GDA-nyň çäklerinde açyk we deňhukukly dialoga ygrarlydyr.
Ýurdumyz GDA-nyň döredilen gününden bäri onuň düzümleri bilen netijeli we yzygiderli hyzmatdaşlyk saklap gelýär. Arkalaşygyň çäginde birnäçe ýyllaryň dowamynda özara bähbitli, döredijilikli ykdysady hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi toplanyldy. GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň ýakynda Aşgabatda geçirilen parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnaşmagy aýratyn ähmiýete eýe boldy. Munuň özi parahatçylyk hem-de özara hormat goýmak ýörelgeleriniň GDA-nyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň binýady bolup durýandygyny tassyklady. Paýtagtymyzda geçirilen forum häzirki döwrüň ählumumy meselelerini çözmekde syýasy-diplomatik dialogyň ähmiýetini görkezmäge mümkinçilik berdi.
Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiziň parasatly daşary syýasat strategiýasy, öňe sürýän başlangyçlary bütin dünýäde, şol sanda Arkalaşygyň çäklerinde pugta we uzak möhletli parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmegi nazarlamak bilen, tutuş dünýäde parahatçylyk we ylalaşyklylyk diplomatiýasyny ilerletmekde möhüm ähmiýetli goşant bolup durýar.
Sabina SETDAROWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.