Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlaryň bilimli, sowatly, giň gözýetimli bolup ýetişmegi üçin ähli mümkinçilikleri döredýär. Şu mynasybetli hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzda ylym-bilim ulgamynyň has-da kämilleşdirilmegi üçin düýpli işler amala aşyrylýar. Eziz Diýarymyzda döwrüň talaplaryna laýyk gelýän häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze orta we ýokary okuw mekdepleriniň sany artýar. Bu bolsa sanly bilimi ösdürmekde, kämil hünärmenleri taýýarlamakda möhüm ähmiýete eýedir.
Ýaş nesliň hemmetaraplaýyn ösmegi, sportda, ylymda we döredijilikde ýokary netijeleri gazanmagy döwletimizde ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Hormatly Prezidentimiziň 15-nji dekabrda gol çeken Buýruklary hem munuň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Dünýä derejesindäki sport ýaryşlarynda we bilim bäsleşiklerinde Watanymyzyň abraýyny belende göteren türgenleriň, tälimçileriň we zehinli ýaşlaryň arasynda mekdep okuwçylarynyň hem Şa serpaýyna mynasyp bolmagy mugallymlar hökmünde bizde aýratyn buýsanç döredýär.
Biz — mugallymlar, gazanylan üstünlikleriň geljekki has uly ýeňişleriň başlangyjydygyna berk ynanýarys. Döwlet tarapyndan döredilýän giň mümkinçilikler ýaşlaryň öz başarnyklaryny açmaklaryna, maksadyna ýetmeklerine itergi berýär. Hormatly Prezidentimiziň ýaşlara bolan ynamy we goldawy netijesinde mekdep okuwçylarymyzyň dünýä derejesinde üstünlik gazanmaklary olaryň diňe şu gününiň däl, eýsem, Watanymyzyň geljekki ösüşlerine goşjak uly goşandynyň hem berk binýadydyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz uly ösüşlere eýe bolýar. Eziz Watanymyz parahatçylygyň, abadançylygyň, ösüşiň ýoly bilen öňe barýar. Bu günki gün halkymyz hemişelik Bitaraplygymyzyň dünýä ýaýylýandygyna tüýs ýürekden buýsanýar. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy parahatsöýüjiligiň, umumadamzadyň bähbitlerini ileri tutýan ýörelgeleriň gözbaşy bolup durýar. Muňa ähli ildeşlerimiz bilen bir hatarda bilim işgärleri bolup guwanýarys, buýsanýarys.
Gunça HASANOWA,
Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň 29-njy orta mekdebiniň başlangyç synp mugallymy.