Dark
Light
23.12.2025
maliye pul THE ASHGABAT TIMES

Maliýe bazaryny ösdürmek – döwrüň talaby

22.12.2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyz ykdysadyýetini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürýän kuwwatly senagat döwleti hökmünde dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilýär. Şunda sanly ykdysadyýeti ösdürmäge we halk hojalygynyň pudaklaryna döwrebap innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmaga aýratyn üns berilýär. Çünki häzirki döwürde adamzat durmuşynda innowasiýalara möhüm orun degişlidir.

Döwrüň talabyndan ugur alnyp, döwrebap özgertmeleriň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmäge we häzirki zaman innowasiýalar eýýamynda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny sanlylaşdyrmaga ýardam edýär. Şu ýylyň 8-nji oktýabrynda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde «Türkmenistanda 2030-njy ýyla çenli maliýe bazaryny ösdürmegiň Strategiýasynyň» hem-de «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynyň» tassyklanylmagy bu ugurda alnyp barylýan işleriň nobatdaky aýdyň güwäsi boldy.

«Türkmenistanda 2030-njy ýyla çenli maliýe bazaryny ösdürmegiň Strategiýasy» hakda gürrüň edilende, ozaly bilen, bu resminamanyň Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen mejlisinde öňde goýan wezipelerine laýyklykda işlenip taýýarlanylandygyny bellemek gerek. Strategiýada ýurdumyzda maliýe bazaryny ösdürmegiň maksatlary, wezipeleri, esasy ugurlary we ony durmuşa geçirmekden garaşylýan netijeler beýan edilýär. Resminama laýyklykda, halkara standartlary, milli bähbitleri nazara almak bilen, dünýäniň ösen ýurtlarynyň tejribesine esaslanyp, maliýe bazarynyň institusional gurluşyny hem-de Türkmenistanyň maliýe bazarynyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek göz öňünde tutulýar.

Häzirki zaman dünýäsinde ykdysady özgertmeler milli we dünýä derejesindäki maliýe bazarlarynyň ýörelgelerine täzeçe garamagy talap edýär. Şoňa görä-de, ýurdumyzda amala aşyrylýan işler, şol sanda milli ykdysadyýetimizi sanlylaşdyrmakda, amatly, deňagramly maglumat binýadyny döretmekde, sanly maliýe hyzmatlaryny kämilleşdirmekde durmuşa geçirilýän taslamalar dünýä jemgyýetçiliginde giň goldawa eýe bolýar. Goý, halkymyz üçin, Watanymyzyň bagtyýar geljegi üçin ägirt uly aladalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik başlangyçlary elmydama rowaçlyklara beslensin!

Guwanç HAÝTYÝEW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

hakyda kitap 222 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Keremli sözüň gymmaty

yaslar 25 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Asylly maksatlardan ugur alyp

Soňkylar Makalalar

Ýyllar gelýär bir-birinden zyýada

23.12.2025
Kerwen gurap gelýän ýyllaryň her biri täze ýeňişlere, üstünliklere beslenýär. Taryha altyn harplar bilen ýazylan 2025-nji ýyl ornuny ajaýyp zamanamyzyň täze ýylyna — 2026-njy

Bilimli nesiller – dünýäniň daýanjy

22.12.2025
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlaryň bilimli, sowatly, giň gözýetimli bolup ýetişmegi üçin ähli mümkinçilikleri döredýär. Şu mynasybetli hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzda

Täze ýyl – nurana arzuwlaryň baýramy

22.12.2025
Hemmelere bagt we şatlyk, ýagşy umyt-arzuwlary eçilýän Täze ýyl baýramy bosagada dur. Şu pursatlarda ýurdumyzyň ýene bir geçen döwrüniň jemleri jemlenilýär hem-de geljek üçin

Asylly maksatlardan ugur alyp

22.12.2025
Ylym-bilim her bir ynsan üçin bahasyz baýlykdyr, gymmatly hazynadyr. «Ylymsyz bir ýaşar, ylymly — müň» diýlişi ýaly, ylym ömri bakylyga, ýaşaýşy bagtyýarlyga sapýar. Her
GitTop