22-nji dekabr güni agşam Aşgabat şäheriniň Halkara howa menzilinde tehniki näsazlyk sebäpli “Ural awialiniýalaryna” degişli, Dubaý–Ýekaterinburg ugry boýunça uçýan ýolagçy uçary mejbury gonuşy amala aşyrypdy.
Aeroportyň işgärleriniň hem-de degişli edaralaryň utgaşykly hereketleri netijesinde ähli 93 ýolagça we 8 ekipaž agzasyna paýtagtyň myhmanhanalarynyň birine ýerleşmekde, şeýle hem suw we gyzgyn nahar bilen üpjün etmekde öz wagtynda zerur kömek berlipdi. Ilçihananyň diplomatlary hem çalt ýagdaýda myhmanhana baryp, onuň işgärleri bilen we Aşgabadyň howa menziliniň degişli gulluklary bilen yzygiderli aragatnaşyk saklapdylar.
Ýerli wagt bilen 06:40-da ähli raýatlar Russiýadan gelen ätiýaçlyk uçary arkaly Ýekaterinburga uçupdylar.
Russiýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy