Bu barada 26-njy dekabrda Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde habar berildi.
R.Meredow hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen şu ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan örän wajyp halkara resminamalaryň kabul edilendigini aýdyp, ýakynda kabul edilen «Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny» hem-de «Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag boýunça onýyllygy (2026 — 2035-nji ýyllar)» atly Kararnamalary muňa mysal hökmünde görkezdi. Ol döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň bu daşary syýasy ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutlady.
Mälim bolşy ýaly, ýakynda ýurdumyza ýene-de bir hoş habar gelip gowuşdy. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 64-nji plenar mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag boýunça onýyllygy» hem-de «Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny» atly Kararnamalar biragyzdan kabul edildi.
«THE ASHGABAT TIMES».