«AFK-nyň Çempionlar ligasy — 2» bäsleşiginiň 1/8 finalynyň bije çekişliginiň netijelerine laýyklykda, Türkmenistanyň «Arkadag» topary bilen Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» FK bilen duşuşjakdygy barada habar beripdik. 30-njy dekabrda bolsa AFK-nyň resmi internet saýty oýunlaryň geçirilmegi bilen bagly maglumatlary çap etdi.
AFK-nyň berýän maglumatyna görä, 2026-njy ýylyň 11-nji fewralynda «Arkadag» hem-de «Al-Nasr» toparlarynyň ilkinji duşuşygy geçiriler. Sagat 18:45-de başlamagy meýilleşdirilýän duşuşyk Arkadag şäheriniň stadionynda bolar.

2026-njy ýylyň 18-nji fewralynda bolsa myhmançylykdaky jogap duşuşygy geçiriler. Ol Saud-Arabystanynyň Er-Riýad şäherindäki «King Saud University Stadium» stadionynda bolar.
Oýunlara dünýäniň futbol ýyldyzy, «Al-Nasr» oýunçysy Ronaldanyň gatnaşmagy barada häzirlikçe anyk maglumat berilmeýär. Ýöne uly ähtimallyk bilen bu meşhur oýunçynyň Türkmenistana gelmegine garaşylýar.
«THE ASHGABAT TIMES».