Bu barada ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berýär. «FLEX» ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň bilim we medeni maksatnamalar Býurosynyň medeni alyş-çalyş maksatnamasy bolup, Türkmenistanda Halkara bilim boýunça Amerikan geňeşlikleri tarapyndan geçirilýär. Maksatnama Türkmenistanly ýokary synp mekdep okuwçylaryna bir ýylyň dowamynda ABŞ-da kabul edýän maşgalada ýaşamaga we amerikan orta mekdebinde okamaga mümkinçilik berýär.
Maksatnama kim gatnaşyp bilýär?
2009-njy ýylyň ýanwar aýynyň 1-den 2010-njy ýylyň maý aýynyň 31-i aralygynda doglan okuwçylar gatnaşyp bilýärler. Ýöne soňky synpda okaýan, harby gulluga gitmeli okuwçylar maksatnama gatnaşyp bilmeýärler.
Şeýle hem häzirki wagtda mekdepde okaýan we mekdep ýetişigi gowy bolan okuwçylar;
Iňlis dilini gowy bilýän;
ABŞ-nyň wizasyny almak üçin talaplara laýyk gelýän;
Türkmenistanyň raýaty bolan okuwçylar gatnaşyp bilerler.
Bäşleşigiň geçirilýän ýeri we wagty barada aşakdaky tablisada tanşyp bilersiňiz:

«THE ASHGABAT TIMES».