Türki döwletleriň guramasynyň (TDG) Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrym Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Täze ýyl gutlagyny iberdi. Bu barada «Bitarap Türkmenistan» gazeti habar berýär. Binali Ýyldyrym öz gutlagynda Täze ýyl mynasybetli iň gyzgyn gutlaglaryny ýollap, doganlyk ýurduň halkyna saglyk, parahatçylyk we rowaçlyk arzuw etdi.
Binali Ýyldyrym TDG-niň howandarlygynda emele gelen agzybirlik we geňeşmek medeniýetiniň türki dünýäsiniň umumy geljegine bolan umytlary has-da berkitjekdigini nygtady. Şeýle hem ol ähli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga bolan ynamyň täze ýylda hem dowam etjekdigine ynam bildirdi.
Aksakgallar geňeşiniň başlygynyň bellemegine görä, türki döwletleriň arasynda agzybirlik ruhuny we özara ynamy güýçlendirýän durnukly hyzmatdaşlyga ýardam bermek guramanyň ileri tutýan ugurlarynyň biridir. Binali Ýyldyrym gutlagynyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidentine berk jan saglyk we döwlet işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.