Täze ýyl baýramçylygy günlerinde paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin «Watan» kinokonsert merkezinde Röwşen Nepesowyň orkestriniň sazandalary tarapyndan guralan konsert iň ýakymly pursatlaryň birine öwrüldi. Sazandalar köpçüligiň söýgüli teleseriallaryndaky meşhur sazlary ýerine ýetirdiler.
Bu gezek Röwşen Nepesow dirižýorlyk etmegi Eziz Jumanyýazowa berip, özüni konserti alyp baryjy hökmünde tanatdy.
Konsert dürli ýurtlaryň Täze ýyl aýdymlary bilen açyldy. Tomaşaçylar sazandalar bilen bilelikde iňlis, türkmen we rus dillerindäki aýdymlara uly joşgun bilen goşuldylar.
Sahnada «Sprut», «Santa-Barbara», «Brigada», «Leýla», «Uzak şehir», «Eşref we Rüýä», «Kara Sevda» ýaly filmleriň sazlary ýaňlandy.
«THE ASHGABAT TIMES».