Dark
Light
09.01.2026
gulbaba THE ASHGABAT TIMES

Ýaş türkmenistanlylara Gulbaba adyndaky çagalar baýragy gowşuryldy

07.01.2026

Düýn, 6-njy ýanwarda Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Bu bäsleşik bilimde, sportda we sungatda özleriniň ukyp-başarnyklaryny görkezip, deň-duşlarynyň arasynda aýratyn tapawutlanan çagalary höweslendirmek maksady bilen geçirilýär.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi we Bilim ministrligi tarapyndan guralýan, ýaş türkmenistanlylaryň arasynda uly meşhurlyga eýe bolan bu bäsleşik her ýyl Watanymyzyň ähli künjeginden 18 ýaşa ýetmedik zehinli çagalaryň ýüzlerçesini bir ýere jemleýär.

gulbaba 1 THE ASHGABAT TIMES

Şu ýyl bäsleşige gatnaşyjylaryň 99-sy ýörite diplomlara we ýadygärlik sowgatlara mynasyp boldular. Şeýle hem bu baýrak döredijilik toparlarynyň 4-sine ― «Joşgun» tans toparyna, «Galkynyş» çeper okaýyş toparyna, «Jahan» döredijilik merkeziniň çagalar horuna, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň çagalar bagynda terbiýelenýän körpelere  gowşuryldy.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

emblema 2026 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Beýik döwrüň şanly sahypasy

arkadag fk THE ASHGABAT TIMES
Next Story

«Arkadag» topary ýene iki futbolçyny düzümine goşdy

Soňkylar Habar

Türkmenistan BMG bilen işjeň hyzmatdaşlyga ygrarly

09.01.2026
2026-njy ýylyň 8-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenkonyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen
GitTop