Dark
Light
10.01.2026
img 0002 THE ASHGABAT TIMES
None

Nestlé Özbegistan, Gazagystan, Türkiýe we başga-da 20 ýurtda çaga iýmitlerini mümkin bolan toksin howpy sebäpli bazardan çykardy

08.01.2026

Dünýäniň iň iri azyk öndürijileriniň biri bolan Nestlé birnäçe ýurtlarda — şol sanda Özbegistan, Gazagystan, Türkiýe hem-de başga-da 20 döwletiň bazarlarynda käbir çaga iýmitleriniň satuwyny wagtlaýyn togtatdy. Bu ädim önümleriň düzüminde ýüze çykmagy mümkin bolan toksin galyndylary bilen bagly howpsuzlyk aladalary sebäpli edildi.

Kompaniýanyň resmi beýanatynda aýdylmagyna görä, barlaglaryň dowamynda käbir partiýalarda saglyga zyýan ýetirip biljek maddalaryň bolmagy ähtimal edilipdir. Nestlé bu ýagdaýyň çaga saglygy üçin töwekgelçilik döredip biljekdigini göz öňünde tutup, degişli önümleriň ählisini bazardan yzyna çagyrdy.

Toksiniň täsirleri barada berlen maglumatda onuň:

  • gusmak,
  • öýkeniň agyrma,
  • iýmit siňdiriş bozulmalary ýaly alamatlary döredip biljekdigi bellenilýär.

Nestlé häzirki wagtda ähli degişli partiýalar boýunça goşmaça barlaglary geçirýär hem-de ýurtlaryň saglygy goraýyş edaralary bilen ýakyn hyzmatdaşlykda işleýär. Kompaniýa müşderilere howpsuzlyk çäreleri hökmünde degişli seriýaly önümleri ulanmazlygy we satyn alnan ýerlerine yzyna gaýtarmagy maslahat berýär.

Bu wakanyň fonunda birnäçe ýurtlaryň gözegçilik edaralary hem öz nobatynda barlaglary güýçlendirdiklerini, çaga iýmitleriniň hiline we howpsuzlygyna aýratyn üns berilýändigini mälim etdiler.

Nestlé bu ýagdaýyň tiz wagtda doly seljeriljekdigini, ähli önümçilik tapgyrlarynyň gaýtadan gözden geçiriljekdigini we müşderileriň ynamynyň dikeldilmegi üçin zerur çäreleriň görülýändigini aýtdy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

bilim 2024 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

«Beýik işler bilime daýanýar, bilim bolsa terbiýe bilen geçmeli gymmatlykdyr»

sport kom THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Be­den­ter­bi­ýe we sport ös­dü­ril­ýär

Soňkylar Dünýä habarlary

Bolgariýa Resmi Taýdan Ýewrozona Goşuldy

01.01.2026
Bolgariýa şu ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap resmi taýdan ýewrozona goşuldy we özüniň milli walýutasy bolan bolgar lewinden doly ýüz öwrüp, ýewrony döwlet pul birligi
GitTop