Dark
Light
15.01.2026
emblema 2026 THE ASHGABAT TIMES

Aýdyň maksatlar bilen bedew batly ösüşlere

13.01.2026

Her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy, onuň özüne mahsus şygarynyň yglan edilmegi döwletimiziň ösüş ýolunyň ruhy, syýasy we strategik ugruny kesgitleýän möhüm wezipedir. Şundan ugur alnyp, ýurdumyzda her ýyly mynasyp şygar bilen atlandyrmak asylly däbe öwrüldi. Röwşen geljege uly ynam bilen gadam basylan täze, 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip atlandyrylmagy hem türkmen döwletliliginiň ösüşiň täze tapgyryna çykýandygyny alamatlandyrýar.

Ýylyň şygary — bu döwletiň häzirki tapgyrdaky ösüş ýolunyň jemleýji beýanydyr. Täze ýylyň şygary hem Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýy giňden belleniljek ýylda ata Watanymyzyň depginli ösüşlerini, nurana geljege ynamly gadamlaryny alamatlandyrýar. Garaşsyzlyk — berkarar türkmen döwletiniň baş sütüni. Ol ýurdumyzyň ähli syýasy, ykdysady we jemgyýetçilik üstünlikleriniň mizemez binýady bolup durýar. 

Bedew at — milli ruhuň we ösüşleriň tizliginiň nyşany. Ol bu günki gün ýurdumyzyň okgunly ösüşlerini hem alamatlandyrýar. Türkmen bedewi halkymyzyň taryhy ykbaly bilen aýrylmaz baglanyşykly naýbaşy gymmatlykdyr. Ol türkmeniň erkinligini, mertligini, ýeňişlere bolan ynamyny alamatlandyrýar. Milli Liderimiziň beýik işlerini mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda atçylyk sungaty yzygiderli ösdürilýär.

2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip atlandyrylmagy türkmen döwletliliginiň ösüş ýolunda täze tapgyry alamatlandyrýar. Bu şygaryň many-mazmuny mukaddes Garaşsyzlygyň mizemez binýadyny, baky Bitaraplygyň parahatçylyk döredijilik sungatyndaky ähmiýetini we halkyň geljege bolan ynamyny özünde jemleýär. Mukaddes Garaşsyzlygyň mizemezligi, baky Bitaraplygyň aýdyň ýoly bilen ynamly öňe barýan bedew batly Türkmenistanyň ähli ösüşleriniň sakasynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyz baradaky taýsyz tagallalary dur. 

Jemile BAZAROWA,
Darganata etrabyndaky 3-nji orta mekdebiň mugallymy.

.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

76c23b0b 1f94 4a8a 8b4d a20591c08bbd THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Arkadag – Al Nasr futbol duşuşygynyň biletleri nirden alyp bolar?

sport olimp THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmen sporty şöhratlanýar

Soňkylar Makalalar

Bedew bady bilen belent maksatlara tarap!

15.01.2026
Her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy, onuň özüne mahsus şygarynyň yglan edilmegi jemgyýetçilik-syýasy taýdan örän ähmiýetli bolup, türkmen halkymyz 2026-njy ýyla ― «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan

Beýik işler bilime daýanýar

14.01.2026
Jemgyýetiň ösüşinde ylym-bilim esasy orun eýeleýär. Adamzat durmuşynda gazanylan ähli üstünliklerdir ýeňişler, ýetilen belent sepgitler hem ylym-bilimiň, ösen aňyýetiň miweleridir. Şoňa görä-de, Gahryman Arkadagymyzyň

Türkmen sporty şöhratlanýar

13.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni taryhyň şöhratly sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylýar. Häzirki ajaýyp döwrümizde geçen ýyla nazar aýlanymyzda ylymly-bilimli,
GitTop