Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni taryhyň şöhratly sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylýar. Häzirki ajaýyp döwrümizde geçen ýyla nazar aýlanymyzda ylymly-bilimli, watansöýüji nesilleri kemala getirmäge, ýaşlaryň ylmy başlangyçlaryny goldamaga uly ähmiýet berlendigini görmek bolýar.
Ýaş neslimizi sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek, ýurdumyzyň halkara sport abraýyny has-da belende götermek ugrunda uly işler durmuşa geçirildi. Sportuň dürli görnüşleri boýunça ýurdumyzyň milli ýygyndy toparlarynyň agzalary halkara ýaryşlarda medallaryň ýüzlerçesini gazandylar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň türgenleri geçen ýylda halkara ýaryşlarda 977 medal gazandylar. Şolaryň hatarynda ýokary okuw mekdebimiziň talyp türgenleri halkara sport ýaryşlarynyň 58-sine gatnaşyp, 62 altyn, 67 kümüş, 75 bürünç, jemi 204 medala, ýurdumyzyň çäginde geçirilen milli ýaryşlarda 878 medala mynasyp boldular.
Ezber türgenlerimiziň gazanýan ýeňişleri Türkmenistany halkara jemgyýetçiliginiň öňünde sportuň pajarlap ösýän mekany hökmünde tanadýar. Şeýlelikde, türkmen türgenleriniň iri göwrümli halkara ýaryşlara gatnaşyp gazanýan üstünlikleri ýurdumyzyň dünýädäki abraý-mertebesini has-da beýgeldýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda iri halkara sport ýaryşlarynda baýrakly orunlary eýelän türkmen türgenlerini hem-de olaryň ýeňişleriniň gözbaşynda duran halypa tälimçileriň Şa serpaýlary bilen sylaglanylmagy olaryň döredijilikli zähmetine berlen ýokary bahadyr.
Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde ykrar edilen Türkmenistan ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, türgenleriň ussatlygyny artdyrmak, sebit we dünýä derejesinde ýaryşlary geçirmek üçin baý tejribä eýedir. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli dowam edýän maksatnamalaryň yzygiderli durmuşa geçirilmegi netijesinde, 2026-njy ýylda milli sport ulgamy has-da kämilleşdiriler.
Atahan ARTYKOW,
Şabat etrabynyň 1-nji sport mekdebiniň direktorynyň orunbasary.