Düýn, 14-nji ýanwarda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirildi. Onda öňde boljak saýlawlara guramaçylykly taýýarlyk görmek we geçirmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Mejlise merkezi toparyň agzalary, Demokratik partiýanyň, Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, Agrar partiýanyň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň jogapkär işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Mejlisiniň kararyna laýyklykda, Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň, Daşoguz welaýatynyň Garaş-syzlyk, Gubadag etraplarynyň, Lebap welaýatynyň Döwletli, Farap, Garabekewül etraplarynyň, Mary welaýatynyň Oguzhan etrabynyň halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlaryny, Lebap welaýatynyň 74-nji «Amyderýa», 79-njy «Darganata», Mary welaýatynyň 104-nji «Peşanaly» we 106-njy «Wekil» saýlaw okruglary boýunça ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň hem-de Geňeşleriň çykyp giden agzalarynyň saýlawlaryny 2026-njy ýylyň 29-njy martynda, ýekşenbe gününde geçirmek bellenildi. Şoňa görä, saýlaw möwsüminiň başlanýandygyny yglan etmek mejlisiň gün tertibiniň esasy meselesi boldy. Şunuň bilen baglylykda, saýlawlaryň dürli ugurlaryna degişli meseleleriň giň toplumyna seredildi. Türkmenistanyň ösüşiň demokratik ýoluna ygrarlydygy bilen baglylykda, geçiriljek çäreleriň ähmiýeti nygtaldy.
Pikir alyşmalaryň netijesinde saýlaw möwsüminiň 2026-njy ýylyň 15-nji ýanwaryndan başlanýandygy yglan edildi, şeýle hem okruglaryň we uçastoklaryň çäklerini kesgitlemek bilen bagly meselelere garalyp, hereket edýän okrug we uçastok saýlaw toparlarynyň düzümi seljerildi. Şunuň bilen bir hatarda, saýlawlar boýunça taýýarlanylan gollanmalar tassyklanyldy. Saýlaw toparlarynyň agzalary üçin okuw maslahatlaryny geçirmek meýilleşdirildi.
«THE ASHGABAT TIMES».