Her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy, onuň özüne mahsus şygarynyň yglan edilmegi jemgyýetçilik-syýasy taýdan örän ähmiýetli bolup, türkmen halkymyz 2026-njy ýyla ― «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ― bedew batly at-myradyň mekany» ýylyna gadam basdy. Täze ýylyň şygary mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýy giňden belleniljek ýylda ata Watanymyzyň depginli ösüşlerini, nurana geljege ynamly gadamlaryny alamatlandyrýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzda amala aşyrylýan il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işler bedew batly ösüşlere beslenýär. Ýetilýän belent sepgitler bolsa halkymyzy ýeneki zähmet üstünliklerine, beýik işlere ruhlandyrýar. Ýurdumyzyň durmuş-ykdysady, syýasy we medeni ösüşleriniň depgininiň bedew bady bilen baglanyşdyrylmagy hem ýöne ýere däl. Halkymyzyň milli buýsanjyna deňelýän bedewler täze taryhy döwürde milli galkynyşy alamatlandyrýar. Hut şonuň üçin hem Döwlet tugramyzda bedew atyň keşbi şekillendirilendir.
Türkmen halkynyň şöhratly taryhyna ser salanymyzda, merdana pederlerimiziň bedewlere çuňňur sarpa goýandygyna göz ýetirýäris. «At ― myrat» diýlişi ýaly, häzirki wagtda hem ahalteke atlarynyň dünýä derejesindäki abraýynyň barha artýandygynyň şaýady bolýarys. «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly milli hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi bu ugurdaky döwlet syýasatynyň möhüm üstünligi boldy.
Türkmen ýaşlaryna uly ynam bildirip, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işleri alyp barýan Milli Liderimize hem-de hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyşlarymyzy aýdýarys.
Jumadurdy GUWANJOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Dokma önümçiligi fakultetiniň tikinçilik önümçiliginiň tehnologiýasy hünäriniň talyby.